Bilim bermekde sanly ulgamyň ähmiýeti

Bilim bermekde sanly ulgamyň ähmiýeti

Häzirki wagtda döwrüň ösen innowasion tehnologiýasyna, öňdebaryjy okuw maksatnamalaryna daýanýan sanly bilim ulgamyny döretmekdäki baş maksat eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara ýokary hilli bilim berip, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleridir. Ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmegiň esasy şerti bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi bolup durýar. Hut şu möhüm wezipeden ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ähli basgançaklary zerur okuw şertleri, tehnologiýalar ulgamy bilen üpjün edilýär.Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym, bilim almagyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem batly depginler bilen alnyp barylýar. Sanly tehnologiýalaryň bilim dolandyryşyny üýtgetmeginiň iň täsirli usullaryndan biri administratiw meseleleri ýönekeýleşdirmekdir. Ýagny kagyz resminamalarynyň azaldylyp sanly resminama dolanşygyna geçmekden ybarat. Bu ugurda ýurdumyzda alnyp barylýan işler barha artýar. Muňa mysal edip ähli döwlet edaralarynyň resmi saýtynyň bolmaklygy, raýatlar üçin maglumatlary çalt we elýeterli almaklyga, şeýle-de okyjylar üçin onlaýn metbugat portallarynyň sanynyň artýandygyny agzamak bolar.Mundan başga-da häzirki wagtda ý [...]

Dowamyny oka
Empatiýa

Empatiýa

Bu beýleki bir adama düşünmekligiň we ony kabul etmekligiň mehanizmidir. “Empatiýa bir adamyň şahsyýetiniň beýleki adamyň şahsyýeti bilen deňleşip, onuň beýleki adamyň duýgularyna geçmegini aňladýar.” Empatiýada bir adamyň beýleki adamy “arassa görnüşde” kabul etmegi, tanamagydyr. Empatiýa beýleki bir adamy takyk kabul etmek “usulydyr”. Sebäbi oňa stereotip göz öňüne getirmeler we düşündirmeler gapdaldan oňaýsyz täsirlerini ýetirip bilmeyärler. Ynsanperwer aragatnaşykda bir adam beýleki adamy stereotipli däl-de, ýagny, hut şu pursatda zeryr we zerur däl häsiýetlere, gerekli we gerekli däl fuksiýalara bölmän bütewiligine kabul edýär. Şonuň üçin hem otluda ýolagçy bileniki sagat gepleşenimizden soň, biziň ony tanandygymyza, oňa düşünendigimize ynamly bolup bilyäris. Şol bir wagtyň özünde birnäçe ýylyň dowamynda günde diýen gabatlaşýan hojaýynyň kätibiniň nähili adandygyna düşünmeyäris, ýa-da örän erbet düşünyäris. Hiç hili maksat yzarlaman biri-birine düşünişmäge ymtylyp, biziň aç-açan gürleşen ýolagçymyz “bize ýüreginini aç [...]

Dowamyny oka
Bilimli nesiller — döwrüň guwanjy

Bilimli nesiller — döwrüň guwanjy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşiniň, uzak möhletli döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynyň möhüm şerti hökmünde milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim edaralarynyň işi milli ýörelgelere we öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda barha kämilleşdirilýär.Ata Watanymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary, çagalar baglary we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri gurulýar. Halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bilim ulgamyny düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, mekdepleriň okuw tertipnamasyna düýpli täzelikler girizildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti ýaly başga-da birnäçe dersler binýatlaýyn sapaklaryň hataryna goşuldy. [...]

Dowamyny oka
ATA SALYH (1908-1964)

ATA SALYH (1908-1964)

Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyh 1908-nji ýylda Mary oblastynyň Murgap raýonynyň Şordepe obasynda garyp daýhan maşgalasynda eneden bolýar. Üç ýaşyny doldurmanka gözagyry keselinden göreçleri şikes tapýar we ol göreçlerinden mahrum bolýar.Ata Salyh ýaşlykda düşbi, zehinli, bilesigeliji bolup gürrüňçi hem dessançy ýaşulularyň, ertekiçi mamalaryň gürrüňlerini diňläpdir. Halk arasynda giňden ýaýran “Görogly” eposy, Keýmir kör, Aldar Köse, Esen Polat, Myraly, Japbaklar hakyndaky ýiti şorta sözler, legendalar hem rowaýatlar şahyryň aň-düşünjesiniň ösmegine dünýägaraýşynyň terbiýelenmegine täsir edipdir.Ata Salyh 11-12 ýaşlarynda goşgy düzüp başlaýar. Döredijilik işinde Ata Salyhyň hakyky mugallymlary Körmolla hem Mollamurt bolupdyr.Şahyryň ilkinji goşgusy 1931-nji ýylda Maryda çykýan “Täze oba” gazetinde çap edilýär. Şahyr “Tokmak” žurnalynda hem-de “Sowet Türkmenistany” gazetiniň ýörite habarçysy bolýar.Döredijilik işinde gazanýan üstünlikleri üçin A.Salyh 1934-nji ýylda SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzalagyna kabul edilýär. A.Salyh gözsüzligine garaman sowet [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09