Özüňe erk etmek hakynda

Özüňe erk etmek hakynda

Durmuş sungatdyr. Bu sungatyň kämillik derejesiniň gönüden-göni öz eliňdedigini, paýhasyňa we erkiňe baglydygyny unutma! Sen öz elleriň, paýhasyň hem erkiň bilen öz şahsyýetiňi ökde suratkeşiň sungat eserini döredişi ýaly döretmelisiň, kemala getirmelisiň!Söze erk edip bilmek uly sungatdyr. Söz adamlaryň bir-biri bilen gatnaşygynyň serişdesidir. Aňyna erk edip bilen adam durmuşda islendik maksadyna ýetip biler. Adam öz gaharyna, erkine jylaw salmagy, özüne erk etmegi başarmalydyr. Özüne erk edip bilmedik adam hiç bir zat gazanyp bilmez, hiç bir menzile ýetip bilmez. Özüňe erk etseň, ähli ýollar açykdyr, özüňe erk edip bilmeseň, çar ýanyň petikdir. Dünýä özüne erk edip bileniňkidir. Özüňi islege görä däl-de, zerurlyga we talaba görä ýaşamaga mejbur et!Isleýän zadyňy däl, zerur zady etmäni başar. Özüňi ele alsaň, dünýäni ele alarsyň. Özüňe erk etmek, ilkinji nobatda, duýgularyňa erk etmekdir. Aýaklaryň islän ýerine däl, akylyň hem bähbidiň görkezen ugruna gitsin! Elleriň islän zadyny däl, zerurlygyň [...]

Dowamyny oka
Türkmenistanda Ermenistanyň medeniýet günleri geçiriler

Türkmenistanda Ermenistanyň medeniýet günleri geçiriler

2024-nji ýylyň 27-29-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanda Ermenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Esasy çäre 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistanyň Tatul Altunýan adyndaky döwlet aýdym-saz ansamblynyň çykyşlary bolar. Bu konsert iki gün dowam eder. Maksatnama ermeni medeniýetiniň dürli ugurlaryny, şol sanda kino we animasiýany öz içine alýar.«Watan» kinokonsert merkezinde we «Aşgabat» kinoteatrynda ermeni filmleri we animasion multfilmler görkeziler. Tomaşaçylar 27-nji oktýabrda «Şarpyk», 28-nji oktýabrda «Aýrik» we 29-njy oktýabrda «Bagdasar aýaly bilen aýrylyşýar» atly ermeni filmlerine tomaşa edip bilerler. Şeýle hem, «It we pişik», «Gök deňizde, ak köpükde…» we beýleki ermeni multfilmleri görkeziler.Çäreler 29-njy oktýabrda iki ýurduň medeni gatnaşyklaryny berkitjek Türkmenistanyň we Ermenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlanar. Bu konsert ýurdumyzda geçirilýän medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýar. Arzuw AgamedowaBeki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniñ I ýyl talybySalgy : https://ahal.info [...]

Dowamyny oka
Abubekr As-Suly küşt dünýäsine şöhrat getiren türkmen alymy

Abubekr As-Suly küşt dünýäsine şöhrat getiren türkmen alymy

Gündogar edebiýatynyñ we medeneniýetiniñ taryhynda öçmejek yz galdyran Abubekr As –Suly küşt hakynda ilkinji iki kitapdan ybarat bolan ylmy gollanma ýazan danadyr. Onuñ birinji kitaby taýyb, ýagny, oýnuñ başlanyşy, ikinji bolsa mansub – oýnuñ gutarylyşy dogrusynda bolupdyr. As-Suly lakamy bu beýik şahsyýetiñ görnükli türkmen serkerdesi Sul hanyñ neberesidigini añlatsa, as-Sadranguly lakamy beýik küştçi manysyny beripdir. Ol özünden öñ ýaşan türkmen akyldary al-Adla uly hormat goýupdyr. Her ädimde oña ýüzlenipdir. Meşhur küştçi as-Suly “Taýyb” we “Mansub” atly eserini diýseñ ussatlyk bilen ýazypdyr. As-Sulynyñ öz kitaby al Adlynyñ küşdüñ teoriýasy hakynda çykaran netijeleri boýunça baplara bölendigi, al-Adlynyñ hem özüniñ tejribelerine esaslanyp, küştçileriñ ukyby we ussatlyk derejesi boýunça alty topara bölendigi, olaryñ ilkinjisine “aliýa”- “ussatlaryñ ussady” diýip at berendigi mälimdir. “Aliýa” derejesi häzirki grossmeýstre barabardyr. Bu küşt oýnunda iñ ýokary dereje hasaplanýar. Onuñ galan bäş topary bolsa ussat, ussatlyga kandidat, birinji, ikinji, üçünji derejelere gabat gelýär.Diý [...]

Dowamyny oka
Hytaýyň ilkinji ýüzýän Gün stansiýasy

Hytaýyň ilkinji ýüzýän Gün stansiýasy

Hytaýda ýakyn wagtda ýurduň ilkinji ýüzýän gün elektrik stansiýasy, “Yellow Sea No. 1,” işe girizilmeli. Bu stansiýanyň aýratynlygy, ýüzýän wagty hem energiýa öndürip bilmeginde. Şeýle hem, stansiýa GPS ulgamy ýa-da uly balyklary öwrenmek üçin ses ýazdyryjy enjam hökmünde ulanylyp bilner. Alymlar bu stansiýany nebit ýataklaryny anyklamakda-da peýdalanyp boljakdygyny belleýärler, bu maksada ýetmek üçin stansiýada bronlaýjy turbalaryň ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulýar.Bir ýyllyk synag möhleti başlanmazdan öň, häzirki wagtda stansiýanyň enjamlaryny gurnamak we sazlamak işleri jemlenýär. “Yellow Sea No. 1”-iň boýy 10 metre deň bolup, platformany goldamak üçin 64 sany buý ýerleşdirilen. Ol deňiz düýbüne berkidilen troslar bilen ýerinde saklanýar we 10 metre çenli tolkunlara çydamlydyr. Platformanyň meýdany 1624 inedördül metr bolup, üstünde 434 sany fotoelektrik paneli oturdyldy. Synag döwründe inženerler platformanyň ýele we tolkunlara garşy çydamlylygyny, şeýle hem gurluşyň berkligini we energiýa öndürmegiň netijeliligini barlarlar. Bu ýüzýän gün stansiýasyny döretmek üçin bäş ýyllyk iş zerur boldy. Ý [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09