Pedagogik talaplaryň orny
Mugallymlaryň hünär ussatlyga ýetmeginde pedagogik talaplaryň orny örän ulydyr. Jemgyýetde her bir hünärli adama goýylýan talap biri-birinden tapawutlanýar. Mugallyma uly we ýaş nesliň geňeşçisine bolan talap has ýokary we jogapkärlidir.Guramaçylyk ukybyny ösdürmek talaby. Mugallymdan,terbiýeçiden ýakyn hossar, paýhasly ýolbaşçy, ýürekdeş geňeşçi, syrdaş hökmünde adamlara-çagalar we ýetginjeklere kömek bermegi olaryň işini gönükdirmegi talap edýär. Guramaçylyk ukyby diýende “Müň işçiden bir başçy” diýen nakylyň manysy bilen kybapdaş gelýär.Çaga,ýetginjek köp işlerde nämeden başlamalydygyny bilmän,kynçylyk çekýär. Öz ýoldaşlarynyň gowy we ýetmezçilik taraplaryna baha bermekde-de säwliklere ýol berýär. Şonuň üçin çaganyň öz tekliplerini,isleglerini,arzuwlaryny çekinmän ýüze çykaryp bilmegine kömek bermegi guramaçylyk ukyby bilen baglanyşyklydyr.Düzgün-nyzamlylyk talaby. Bu ähli işde bolşy ýaly,okuw-terbiýeçilik işiniň netijeli bolmagynyň,mugallymyň we okuwçynyň mekdebiň içki tertip--düzgünine tabynlygyny, ony ýerine ýetirmegini göz öňünde tutýar.Ýan Amos Komenskiniň belleýşi ý [...]
Dowamyny oka