Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 31 ýyllygy mynasybetli «Parahatlygyň waspy – Bitaraplygyň buýsanjy» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.Baýramçylyk dabarasynyň esasy maksady hemişelik Bitaraplygyň taryhy ähmiýetini, parahatçylygyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň umumadamzat durmuşyndaky ornuny açyp görkezmekden, şeýle hem ýaş nesillerde watansöýüjilik duýgularyny we milli gymmatlyklara bolan hormaty pugtalandyrmakdan ybarat boldy.Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara gatnaşyklaryndaky orny, dünýä halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň, özara düşünişmegiň we parahatçylyk medeniýetini dabaralandyrmagyň ähmiýeti dogrusynda täsirli çykyşlar edildi.Baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlarda parahatçylyk, dost-doganlyk, eziz Watanymyza bolan söýgi we milli buýsanç öz beýanyny tapdy. Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy hem-de ýurdumyzda parahatçylygyň, agzybirligiň we bagtyýar durmuşyň mundan beýläk-de rowaç bolmagy arzuw edildi.Şeýle-de Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikler arzuw edildi.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty