Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ýurdumyzyň inžener ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda okatmagyň STEM usulyýeti boýunça II bäsleşik geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni bilim ulgamynda gazanylýan uly üstünliklere beslenip, beýik ösüşleriň şuglasy, röwşen geljegimiziň synmaz ynamy bolup kalbymyzy joşdurýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti häzirki wagtda ösüşiň täze tapgyryna, ýagny innowasiýalara, nanotehnologiýalara, sanly ykdysadyýete esaslanýan döwrüne aýak basdy. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen döwrebap ösdürmek we Türkmenistanyň senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegini ýola goýmak köp derejede ýaşlaryň hünär ussatlygyna, bilim taýdan kämilligine baglydyr. Bu bolsa mugallymlaryň öňünde bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny we täze garaýyşly ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça anyk wezipeleri kesgitleýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 2-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda: “Häzir biz täze tehnologiýalaryň güýçli ösýän, emeli aňyň ähli ýerde ornaşdyrylýan şertlerinde ýaşaýarys. Bu şertler geljekki ösüşi kesgitleýär. Biziň maksadymyz—Türkmenistany senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmakdyr” diýen çuň manyly sözlerinden ugur alyp döwrüň talabyna laýyk kämil hünärmenleri taýýarlamak, häzirki zaman sanly ulgamy esasynda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmak, ýaşlaryň tebigy we takyk, inženerçilik we tehniki ylymlary öwrenmeklerine gyzyklanma döretmek maksady bilen bilim işgärleri tarapyndan uly göwrümli işler alnyp barylýar.
Ýakynda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan “Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň STEM usulyýetini tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň 2026-njy ýyl üçin Ýol kartasynda” göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ýurdumyzyň inžener ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda okatmagyň STEM usulyýeti boýunça II bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigiň esasy maksady ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň täze görnüşlerini, usullaryny ornaşdyrmak, öňdebaryjy mugallymçylyk tejribesini ýüze çykarmak, ussat mugallymlaryň baý tejribesini ýaş mugallymlara öwretmek bolup, okuw sapaklaryny häzirki zaman sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly okatmagy ýola goýmak hem-de sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen özara aragatnaşygy işjeňleşdirmek ýaly wezipelerden ugur alýar.
Bäsleşik öz işini ýurdumyzyň birnäçe ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda plenar maslahaty geçirmek bilen başlady. Maslahatda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrýan uly işleri we bu ulgamyň gerimini giňeltmek, maddy binýadyny berkitmek babatda ýetilýän sepgitler barada çykyşlar diňlenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde häzirki zaman sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly talyplaryň bilim babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, peýdalanmak, okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmek, ýaşlary amaly nazarlanan meseleleri çözmäge gyzyklanma döretmek, bilime höweslendirmek, sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň we öňdebaryjy ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny işjeňleşdirmek hem-de zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek babatynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän wezipeler çykyşlarda aýratyn nygtaldy.
Dabarada institutyň çeper höwesjeňleriniň Watanymyzyň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýady bolanGaraşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň beýik ýeňişleri baradaky ýerine ýetiren aýdymdyr-sazlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy.
Soňra bäsleşik öz işine başlady we STEM usulyýetini peýdalanyp nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalar, energetika, biotehnologiýa, oba hojalygy, maglumat we kommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary we innowasion ykdysadyýet ugurlary boýunça okuw sapagyny okatmak görnüşinde geçirildi. Bäsleşigiň şertine laýyklykda geçirilen okuw sapagy kompýuter toplumynda slaýdlary, animasiýalary, wideolary we interaktiw tagtasyny peýdalanmak arkaly amala aşyryldy we sapagyň dowamynda degişli okuw dersi boýunça enjamlar, dürli esbaplar, maketler, modeller toplumy we görkezme esbaplary ulanyldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy tarapyndan STEM usulyýeti öwrenmek we okuw prosesine ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Hut şonuň netijesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda çykaran
179-njy Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» 2023–2028-nji ýyllarda inžener ugurly ýokary hünär bilimi edaralarynda tapgyrlaýyn STEM maksatnamasy esasynda okuw işini guramak boýunça meýilleşdirilen çärelere laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerine okatmagyň STEM usulyýetini tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň ýol kartasy» işlenip düzüldi.
Ýol kartasyndan gelip çykýan wezipelerden ugur almak bilen, Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe dersiň esasynda okatmagyň STEM usulyýetini peýdalanmak arkaly özbaşdak barlag, hasap-çyzgy işlerini ýerine ýetirmek boýunça ýumuşlary işläp düzmegiň Tertibi taýýarlanyldy we häzirki wagtda degişli ýokary okuw mekdeplerde bu işleri amal etmekde giň göwrümli işler alnyp barylýar.
Bäsleşige Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyndan, Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinden, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalary we informatika institutyndan, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan, Türkmen oba hojalyk institutyndan, Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinden, Aşgabat şäherindäki energetika orta hünär okuw mekdebinden hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinden mugallymlar işjeň gatnaşdylar.
Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylaryň ähli şertler boýunça geçiren okuw sapaklary öz täsirliligi bilen tapawutlanyp, emin agzalary tarapyndan oňyn bahalandyrylyp netijeler yglan edildi we ýeňijilere institut tarapyndan diplomlar we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Elbetde, geçirilýän şeýle bäsleşikler ýaşlaryň geljekde ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny durmuşa geçirmekde, bäsleşige ukyply ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary döretmekde we önümçilige ornaşdyrmakda özüniň uly ähmiýetini ýetirer.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda okatmagyň STEM usulyýeti boýunça geçirilen bäsleşik, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty