Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Biodürlülik we howanyň üýtgemegi: Türkmenistanyň başlangyçlary we durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirirldi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Bitarap ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmaga, biodürlüligi aýawly saklamaga we ekologiýa taýdan arassa, döwrebap «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň esasy maksady häzirki we geljekki nesiller üçin amatly tebigy gurşawy döretmekden, howanyň üýtgemegine garşy netijeli göreşmekden hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistanda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin berk kanunçylyk binýady döredildi. «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» we «Howanyň üýtgemegi barada» kabul edilen kanunlar daşky gurşawy goramagyň hukuk esaslaryny kesgitleýär. Şeýle hem, ýurdumyzda «Milli tokaý maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamanyň çäklerinde her ýyl müňlerçe agaç nahallary ekilip, paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň töwereginde ýaşyl zolaklar giňeldilýär. Bu giň gerimli işler çölleşmä garşy göreşmekde, topraklaryň zaýalanmagynyň öňüni almakda we howanyň arassalygyny saklamakda möhüm ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen badalga berlen we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde üstünlikli dowam etdirilýän ekologiýa diplomatiýasynyň çäklerinde Türkmenistan halkara ekologiýa başlangyçlaryna işjeň gatnaşyp, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça esasy konwensiýalarynyň agzasy hökmünde umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyz Pariž ylalaşygynyň we Kunmin-Monreal ählumumy Çarçuwaly maksatnamasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek bilen, parnik gazlaryny, aýratyn-da metanyň zyňyndylaryny azaltmak, şeýle hem biologik köpdürlüligi gorap saklamak ugrunda anyk ädimleri ädýär. Şeýle hem, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygy ösdürilýär hem-de Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin Howa tehnologiýalarynyň sebit merkezini döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Biziň bu aýdanlarymyzy bolsa, ýaňy-ýakynda Türkmenistan tarapyndan dünýä jemgyýetçiliginiň garamagyna hödürlenen we umumadamzadyň gyzgyn goldawyna eýe bolan taryhy çykyşlar hem-de täze başlangyçlar aýdyňlygy bilen subut edýär.
Hakydamyzda şöhlelenişi ýaly, 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýasynyň Taraplarynyň 17-nji maslahatynyň (COP17) çäklerindäki Liderler sammitinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhy we many-mazmuna baý çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda biodürlüligi gorap saklamak boýunça Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy we Hereketleriň meýilnamasy, serhetüsti ekoulgamlary we haýwanlaryň migrasiýa ýollaryny goramak, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny hem-de Aral deňziniň basseýniniň ekoulgamyny goramak, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek, şeýle hem Aşgabat howa dialogyny ýola goýmak ýaly möhüm teklipleri öňe sürdi.
Munuň yzysüre, 2026-njy ýylyň 9–20-nji noýabry aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji mejlisi (COP31) geçirildi. Bu ýokary derejeli mejlisiň 11–12-nji noýabrynda geçirilen Liderleriň sammitinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz taryhy we çuňňur mazmunly çykyş edip, Pariž ylalaşygynyň maksatlaryny amala aşyrmak, Ählumumy metan borçnamasyny ýerine ýetirmek, Dördünji milli habarnamany we Milli derejede kesgitlenýän üçünji täzelenen goşandy (NDC) durmuşa geçirmek boýunça döwletimiziň gazanan üstünliklerini beýan etdi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz 2027-nji ýylyň başynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň işe başlajakdygyny buşlap, 2028 — 2037-nji ýyllary BMG-niň Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy diýip yglan etmek, Howa boýunça Aşgabat dialogyny döretmek we 2027-nji ýylda onuň ilkinji halkara maslahatyny Aşgabatda geçirmek, Howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasyny işläp düzmek, Howa bilen bagly tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmek hem-de BMG-niň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini taýýarlamak baradaky bäş sany strategik başlangyjy öňe sürdi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ÝUNISEF bilen bilelikde Çagalar, ýaşlar we howa bilen bagly hereketler barada Jarnama gol çekilendigini hem bellemek gerek.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji mejlisinde (COP31) eden taryhy we çuňňur mazmunly çykyşy mynasybetli, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýasynyň Taraplarynyň 17-nji maslahatynyň (COP17) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki taryhy we many-mazmuna baý çykyşy mynasybetli, ýokarda agzalan Sammitleriň çäginde Türkmenistanyň ýolbaşçylary tarapyndan öňe sürlen biodürlülik we howanyň üýtgemegi bilen bagly täze başlangyçlaryň ähmiýetini açyk görkezmek we olary halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen «Biodürlülik we howanyň üýtgemegi: Türkmenistanyň başlangyçlary we durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlyk» atly geçirilýän halkara maslahat boldy.
Bu ýokary derejeli halkara forum Gahryman Arkadagymyzyň Antalýa şäherinde geçirilen COP31 mejlisindäki taryhy çykyşynda hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýerewan şäherinde geçirilen COP17 Liderler sammitindäki çykyşynda öňe sürlen dünýä ähmiýetli başlangyçlaryň we anyk teklipleriň manysyny giňden açyp görkezmäge bagyşlandy. Maslahatyň işine Türkmenistanyň daşary syýasat we tebigaty goraýyş ulgamyna degişli edaralarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, talyp ýaşlar, abraýly halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary işjeň gatnaşdylar.
Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda çykyş edenler Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň esasy ugurlary, COP31 we COP17 sammitlerinde Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan beýan edilen başlangyçlaryň sebit we dünýä derejesindäki ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler. Çykyş edenler aýratyn-da Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini hem-de Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek, Howa boýunça Aşgabat dialogyny ýola goýmak, 2028 — 2037-nji ýyllary BMG-niň Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy diýip yglan etmek, Halkara ekologiýa kodeksini işläp düzmek, biodürlüligi gorap saklamak we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň (Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň çäklerinde) ekologiýa durnuklylygyny goldamak baradaky teklipleriň ählumumy meseleleri çözmekde örän möhüm gural bolup durýandygyny nygtadylar.
Şeýle hem maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy hanym Wan Sýaoszýun Greýsiň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky Hemişelik Wekili hanym Narine Saakýan hem-de BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky Wekili hanym Jalpa Ratna dagy çykyş edip, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde, biodürlüligi gorap saklamakda, aýratyn-da Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin Howa tehnologiýalarynyň sebit merkezini döretmek we ýaş nesli ekologiýa taýdan terbiýelemek baradaky teklipleriniň wajyplygyny aýratyn nygtadylar. Şeýle-de bu ugurda BMG-niň düzümleri bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi.
Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri — Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi Şener Jebejiniň, Ermenistan Respublikasynyň Ilçisi Arsen Awagýanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Ilçisi Gismat Gozalowyň, Italýan Respublikasynyň Ilçisi Martin Brukyň hem-de Fransuz Respublikasynyň Ilçisi hanym Alýona Grandyň çykyşlary diňlenildi. Diplomatlar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň COP31 mejlisinde hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň COP17 sammitinde öňe süren teklipleriniň halkara bileleşigi tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylanandygyny belläp, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, biodürlüligi saklamak we «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak babatdaky halkara başlangyçlaryny doly goldaýandyklaryny, durnukly ösüşiň hatyrasyna köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny nygtadylar.
Halkara maslahatyň jemleýji böleginde oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň adyna aýratynlykda Ýüzlenmeler kabul edildi. Şeýlelikde, ýokary ruhubelentlik we işjeň ýagdaýda geçen «Biodürlülik we howanyň üýtgemegi: Türkmenistanyň başlangyçlary we durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlyk» atly geçirilýän halkara maslahat Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekdäki we halkara hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ornunyň barha pugtalanýandygyny ýene bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi.
Maslahata gatnaşyjylar onuň ahyrynda dünýäde ähliumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti