TM EN RU
Logo
Türkmenistan bilen Italiýa sanly tehnologiýalar we inženerçilik ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürýär
2026-11-28T10:29:38.601397+05:00

Türkmenistan bilen Italiýa sanly tehnologiýalar we inženerçilik ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrowyň we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilowyň 25–27-nji noýabr aralygynda Italiýa Respublikasynyň Neapol şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde ylmy-barlag we bilim hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Saparyň dowamynda Neapolitan uniwersitetiniň (Federiko II adyndaky) ýanyndaky Apple Developer Academy-niň ylmy direktory, professor Jorjio Wentre hem-de uniwersitetiň prorektory, professor Nikola Bianko bilen geçirilen duşuşyklarda sanly tehnologiýalar, programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak, kiberhowpsuzlyk we robototehnika ugurlarynda özara gatnaşyklaryň geljegi boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem hünärmenleriň we talyplaryň arasynda akademiki alyş-çalyşlary ýola goýmak, bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine garaldy.

Duşuşyklarda Neapolitan uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. Italýan tarapy türkmen wekillerini halkara maslahatlara, ylmy simpoziumlara we dürli derejedäki bäsleşiklere gatnaşmaga çagyryp, bilim we innowasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdi.