TM EN RU
Logo
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Italiýada geçirilen Erasmus+ «ESGCA» halkara taslamasynyň 3-nji utgaşdyryjy duşuşygyna gatnaşdylar
2026-11-27T18:41:46.903923+05:00

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Italiýada geçirilen Erasmus+ «ESGCA» halkara taslamasynyň 3-nji utgaşdyryjy duşuşygyna gatnaşdylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň ylym-bilim ulgamynda düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýaş nesillere döwrebap terbiýe we dünýä derejesinde çuňňur bilim bermek, milli bilim ulgamyny öňdebaryjy halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde Watanymyzyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň, şol sanda Ýewropanyň abraýly ylym-bilim we barlag merkezleri bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli giňeldýärler.

Şeýle giň gerimli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde, 2026-njy ýylyň 14–25-nji noýabry aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlarynyň wekilleri Italiýa Respublikasynyň Genuýa şäherine iş saparynda boldular. Wekiliýet Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan «Daşky gurşaw meselelerini, jemgyýetçilik zerurlyklaryny we gowy dolandyryşy Merkezi Aziýanyň bilim hem-de iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak» («Bridging Environmental Concerns, Societal Needs and Good Governance in Central Asian Education and Employment Sectors» — ESGCA) atly halkara taslamasynyň Utgaşdyryjy toparynyň duşuşygyna gatnaşdylar. Italiýanyň iň gadymy we abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Genuýa uniwersitetiniň Bilim departamentiniň (DISFOR) «Aula Magna» maslahatlar zalynda geçirilen bu duşuşykda taslamanyň geçen döwürdäki netijeleri jikme-jik seljerildi hem-de 2026–2027-nji ýyllara niýetlenen jemleýji tapgyryň meýilnamalary wezipeleri kesgitlenildi. Halkara maslahata Italiýanyň, Slowakiýanyň, Rumyniýanyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy ylmy bilermenleri we akademiki toparlary işjeň gatnaşdylar. Maslahatyň açylyş dabarasynda Genuýa uniwersitetiniň Bilim departamentiniň direktory professor Mariýa Karmen Usaýi, Taslamanyň akademiki toparynyň utgaşdyryjysy professor Diana Spulber, «ESGCA» taslamasynyň umumy utgaşdyryjysy, Genuýa uniwersitetiniň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy jenap Anjelo Musaio hem-de taslamanyň Merkezi Aziýa boýunça hyzmatdaşlygynyň jogapkäri professor Çinara Adamkulowa çykyş edip, taslamanyň sebitleýin we halkara ähmiýetine ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda daşky gurşawy goramak, energetika netijeliligi, «ýaşyl» tehnologiýalary ösdürmek we durnukly korporatiw dolandyryş (ESG ýörelgeleri) dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlaryna öwrüldi. Duşuşygyň dowamynda taslama boýunça gazanylan üstünliklere we taýýarlanylan netijelere aýratyn orun berildi. Şol sanda:

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň wekilleri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary çykyş edip, ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durnukly ösüşe, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara, howanyň üýtgemegine garşy göreşe we sanly bilim ulgamyny ösdürmäge berilýän uly döwlet ünsi barada giňişleýin maglumat berdiler. Türkmen hünärmenleri taslamanyň çäklerinde amala aşyrylan işleriň hiline berlen ýokary bahany kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara ylym-bilim giňişliginde mynasyp orun eýeleýändigini subut etdiler.

Italiýa Respublikasynyň Genuýa şäherinde geçirilen bu abraýly halkara duşuşyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň iň kämil, dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagyna, milli ykdysadyýetimiz üçin ýokary derejeli innowasion hünärmenleriň taýýarlanmagyna hem-de Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha belende göterilmegine uly itergi berjek möhüm waka boldy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti