TM EN RU
Logo
Bilim ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri: Moskwada geçirilen Hökümetara toparyň 14-nji mejlisiniň jemleri
2026-11-25T11:53:52.125834+05:00

Bilim ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri: Moskwada geçirilen Hökümetara toparyň 14-nji mejlisiniň jemleri

MOSKWA, 2026-njy ýylyň 23-nji noýabry.

Russiýanyň paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisi üstünlikli tamamlandy. Iki döwletiň Baştutanlary — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan aýratyn, ileri tutulýan ähmiýet berilýän ynsanperwer we bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklar gün tertibiniň iň möhüm hem-de netijeli ugurlarynyň biri boldy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini belledi. Häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 57 müňden gowrak türkmen talybynyň bilim alýandygy, göni ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigi nygtaldy — diňe 2026-njy ýylda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda täze ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň ençemesine gol çekildi. Mejlisde bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli işlere hem aýratyn üns berildi.

Hökümetara toparyň 14-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň Russiýa Federasiýasynyň magaryf ministriniň orunbasary – stats-sekretary Andreý Korneýew bilen duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň bilim edarasynyň ýolbaşçysy mugallymçylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda berýän yzygiderli goldawy üçin Russiýanyň Magaryf ministrligine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Mugallymlary her ýyl Türkmenistana gelip, rus dili mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçirýän Naberežnyýe Çelny döwlet pedagogika uniwersiteti bilen alnyp barylýan köpýyllyk we netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi.

Umumy bilim we zehinli ýaşlar bilen işlemek ulgamyndaky gatnaşyklar meselesini ösdürmek bilen, türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň has çuňňur görnüşine — mekdep okuwçylaryny taýýarlaýan öňdebaryjy olimpiada merkezleriniň binýadynda işleşmäge geçmegi teklip etdi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanyň zehinli ýaşlarynyň ykrar edilen rus olimpiada mekdebi bilen bilelikde işleşmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigini we halkara giňişlikde has-da ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik döretjekdigini bellediler.

Geçirilen Hökümetara toparyň mejlisi we ikitaraplaýyn gepleşikler Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň bilim we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara ymtylýandyklaryny tassyklady.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi