Türkmenistanyň wekili ABŞ-nyň San-Antonio şäherinde halkara bilim maksatnamasyna gatnaşmagyny dowam etdi
Türkmenistanyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy bilim edaralary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de özara tejribe alyşmagyň gerimini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekili Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilýän «Bilim edaralaryny dolandyrmakda strategik hyzmatdaşlyk we liderlik» atly halkara maksatnama gatnaşmagyny dowam etdi.
2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda ABŞ-nyň Tehas ştatynyň San-Antonio şäherinde halkara maksatnamanyň nobatdaky tapgyrynyň çäreleri dowam etdirildi. Miçigan ştatynda geçirilen hünär duşuşyklarynyň dowamy bolan bu tapgyr bilim ulgamynda halkara dialogyny işjeňleşdirmäge, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga hem-de köptaraplaýyn akademiki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.
Halkara maksatnama Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Gülnabat Gurdowa gatnaşdy.
Maksatnamanyň Detroýt şäherinde geçirilen tapgyry tamamlanandan soň, dünýäniň 10 döwletinden bilim ulgamynyň dolandyryş edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň 13 wekilinden ybarat topar San-Antonio şäherine geldi. Bu ýerde olar Merilend ştatynyň Baltimor şäherinde degişli maksatnama gatnaşan 12 döwletden 14 wekili özünde jemleýän topar bilen birleşdiler. Şeýlelikde, halkara maksatnamanyň bilelikdäki tapgyryna jemi 20 döwletden bilim ulgamynyň 27 wekili gatnaşdy.
Halkara bilim hepdeliginiň çäklerinde «Alamo Colleges District» kollejler birleşiginiň, San-Antonio şäheriniň Halkara myhmanlar geňeşiniň (San Antonio Council for International Visitors) hem-de «FHI 360» guramasynyň gatnaşmagynda halkara duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda maksatnama gatnaşyjylar San-Antoniodaky Tehas uniwersitetiniň (University of Texas at San Antonio), University of the Incarnate Word, Texas A&M University–San Antonio uniwersitetleriniň, San Antonio College we Northwest Vista College kollejleriniň, şeýle hem halkara bilim guramalarynyň we işewür toparlaryň çagyrylan wekilleri bilen pikir alyşdylar.
Gepleşikleriň barşynda bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda durnukly akademiki gatnaşyklary ýola goýmagyň, professor-mugallymlaryň we talyplaryň özara alyş-çalyşlaryny giňeltmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem bilelikdäki bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, öňdebaryjy pedagogik tejribeleri alyşmak we bilim edaralarynyň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Halkara çäräniň dowamynda ABŞ-nyň Tehas ştatynda ýerleşýän, bäş kolleji özünde birleşdirýän «Alamo Colleges District» bilim birleşiginiň alyp barýan işleri bilen tanyşyldy. Amerikan tarapynyň beren maglumatlaryna görä, bu birleşik 100 müňden gowrak bilim alýana hyzmat edýär. Onuň halkara akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak, mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak hem-de okuw maksatnamalaryna halkara tejribelerini ornaşdyrmak babatdaky işi gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Hususan-da, Meksikanyň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde iňlis dili mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň tejribesi öwrenildi. Bu maksatnamalar mugallymlaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmegi, okatmagyň döwrebap usullaryny özleşdirmegi, hünär taýýarlygyny berkitmegi we medeniýetara gatnaşyklary ösdürmegi göz öňünde tutýar.
Mundan başga-da, halkara akademiki hyzmatdaşlygynda sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak meseleleri boýunça pikir alşyldy. Gatnaşyjylar dürli döwletleriň bilim edaralarynyň arasynda bilelikdäki okuw taslamalaryny amala aşyrmaga hem-de mugallymlaryň we talyplaryň özara akademiki gatnaşyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýän bilelikdäki halkara onlaýn okuw modeli (Collaborative Online International Learning — COIL) bilen tanyşdylar.
Halkara duşuşykda beýan edilen tejribeler ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek baradaky Konsepsiýanyň wezipelerini durmuşa geçirmek, sanly bilimi ösdürmek, pedagogik işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak hem-de ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny has-da giňeltmek nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýe boldy.
Çäräniň köptaraplaýyn häsiýeti dürli döwletleriň bilim edaralarynyň wekilleri bilen özara tejribe alyşmak, hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin giň mümkinçilikleri döretdi.
Türkmenistanyň wekiliniň halkara maksatnama gatnaşmagy ýurdumyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen bilim, ylym we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem dünýäniň dürli döwletleri bilen bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm bölegi boldy.
Bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan, parahatçylyk söýüjilik, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen sazlaşyklydyr. Şeýle gatnaşyklar halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, bilim diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga hem-de halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge ýardam berýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň ABŞ-daky bilim missiýasynyň San-Antonio şäherinde dowam etdirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek, halkara akademiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzyň ylmy-bilim kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi