Ýapon tarapy bilen wodorod energetikasy ulgamy boýunça wideoaragatnaşyk arkaly möhüm iş duşuşygy geçirildi
Häzirki wagtda hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy döwletleri, abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag merkezleri, iri kompaniýalary we halkara guramalary bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär. Bu hyzmatdaşlygyň esasy maksady milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmakdan, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan hem-de halkara talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.
2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň, Ýaponiýanyň Täze energiýa we senagat tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça öňdebaryjy “NEDO” guramasynyň, “Chiyoda Corporation” korporasiýasynyň we Sukuba uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda wodorod energetikasy boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek meselelerine bagyşlanan wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady - ýapon tarapynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda uniwersitetiň Wodorod energetikasy merkeziniň barlaghanasyny bilelikde degişli enjamlar bilen enjamlaşdyrmak barada ylalaşyk gazanmak, ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak, maliýeleşdirmegiň çeşmelerini anyklamak we taraplaryň özara borçlaryny kesgitlemek bolup durýar.
Duşuşygyň barşynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, professor, tehniki ylymlaryň doktory Baýrammyrat Atamanow çykyş edip, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ylmy-tehniki gatnaşyklaryň barha pugtalanýandygyny nygtady. Rektor öz çykyşynda ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag kuwwaty, maddy-enjamlaýyn binýady hem-de ýurdumyzda wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada jikme-jik durup geçdi.
Duşuşykda türkmen we ýapon taraplarynyň hünärmenleriniň çykyşlary esasynda, wodorod energetikasy ulgamynda türkmen-ýapon ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we bilelikdäki ylmy-barlag işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi, ýagny:
tebigy gazdan wodorod ýangyjyny öndürmek;
wodorod we tehniki uglerody almak arkaly metanyň plazma-himiki pirolizini amala aşyrmak;
wodorody arassalamak, saklamak, daşamak we peýdalanmak tehnologiýalary;
ekologiýa taýdan howpsuz we energiýa netijeliligi ýokary bolan tehnologiýalary işläp taýýarlamak;
bilelikdäki ylmy taslamalary maliýeleşdirmekde we tehniki taýdan goldamakda “NEDO” guramasynyň gatnaşmagynyň mümkin bolan ugurlaryny kesgitlemek;
tehnologik çözgütleri işläp taýýarlamakda, barlaghananyň hem-de tejribe-senagat infrastrukturasynyň taslamasyny düzmekde «Chiyoda Corporation» korporasiýasynyň gatnaşmagynyň mümkin bolan ugurlaryny kesgitlemek;
Sukuba uniwersitetiniň binýadynda wodorod energetikasy ulgamy boýunça hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär kämilleşdiriş okuwlaryny hem-de ylmy tejribeliklerini guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak;
Türkmen we ýapon taraplarynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak boýunça indiki ädimleri kesgitlemek;
metanyň plazmo-himiki usuly arkaly tebigy gazdan wodorod öndürmek boýunça taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp taýýarlamak.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar sorag-jogap alyşmak bilen, öňe sürlen bu başlangyçlaryň iki dostlukly ýurduň arasyndaky ylmy-tehniki gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarjakdygyny nygtadylar. Geçirilen işjeň gepleşikler Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna innowasion we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmakda, şeýle hem ýaş alymlaryň halkara ylmy giňişligine işjeň goşulyşmagynda möhüm ädim bolup durýar.
Bize daşary ýurtlaryň abraýly ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, kompaniýalary, ylmy-barlag merkezleri, halkara guramalary bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de tejribe alyşmak boýunça döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, Belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti