TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞLAR BAÝRAGYNYŇ EÝESI DIÝEN HORMATLY ADA MYNASYP BOLDYLAR
Beýik üstünlik yzygiderli, üznüksiz zähmetiň netijesinde gazanylýar. Çeken zähmetiňe goýulýan sarpany duýmak, goý, ol uly bolsun, ýa-da kiçi tapawudy ýok, her bir ynsany begendirýär. Şeýle ajaýyp üstünlige ýeten ynsanyň aňynda müdimilik orun alýar. Şol ýakymly pursat bolsa, iň bagtly günleriniň naýbaşysy bolup, ömrüniň bezegine öwrülýär.
Bu gün eziz Diýarymyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň döredilen gününe bagyşlanyp, geçirilen baýramçylyk gününde ýurdumyzyň zähmetde, okuwda, jemgyýetçilik işlerinde has-da tapawutlanýan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Zehinli ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň gujurly ýaş mugallymy Hemra Annanurowyň hem-de şekillendiriş sungaty fakultetiniň stanok nakgaşçylygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby Jumamyrat Gurbanowyň Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp bolmagy sungat ojagymyzda zähmet çekýän mugallymlarymyzyň begenjini goşalandyrdy. Ýaşlarymyzyň gazanan döredijilik üstünlikleri olaryň zähmetine berlen ýokary bahanyň, olara bildirilýän uly ynamyň netijesini görkezdi.
Ýaşlar baýragy – ýaşlygyň uly serpaýy, ýaşlaryň toýy. Bu baýraga eýe bolmak, olaryň ylym-bilimde has-da kämilleşmäge, halal zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Türkmen halkynyň asylly ýörelgesinde kitaba belent sarpa goýmagy nesil terbiýesine siňdirilipdir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Okamak – bereket, ýazmak – kuwwat, döretmek döwletdir» diýip belleýär. Zehinli ýaşlarymyzyň kiçilikden döredijilik bilen meşgullanyp, ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynda täze eserleri bilen yzygiderli geçirilýän sergilerde çykyş edýärler we netijeli üstünliklere ýetýärler. Bu günki gün zehinli ýaşlarymyz mukaddes Watanymyzyň beýik ösüşlerini wasp etmek bilen, sungatymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýyp, saýlap alan söýgüli käriniň kämil basgançagyny ýokarlandyrdylar. Ýaşlarymyza uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin.
Bilbil ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Ylym bölüminiň başlygy