TM EN RU
Logo
Türkmenistanly talyp gyz alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdebinde bilim alýar
2026-10-31T15:13:11.425720+05:00

Türkmenistanly talyp gyz alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdebinde bilim alýar

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Süraý Baýryýewa Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Tohoku uniwersitetinde bilim alýar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, talyplaryň alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde okuw möhleti 1 ýyla niýetlenendir.

Häzirki wagtda Süraý Tohoku uniwersitetiniň düzümine girýän we ýokary bilimiň ähli derejelerinde inženerçilik ugry boýunça hünärmenleri taýýarlaýan Inženerçilik mekdebinde (School of Engineering) bilim alýar.

Maksatnamanyň amaly okuw bölümine gatnaşmak türkmenistanly talyp gyza uniwersitetde alan bilimlerini halkara ylmy gurşawda ulanmaga, ylmy barlaglaryň öňdebaryjy usullary bilen tanyşmaga, şeýle hem inženerçilik, biotehnologiýa we ekologiýa ugurlarynda döwrebap çemeleşmeleri özleşdirmäge mümkinçilik berer.

Tohoku uniwersiteti Ýaponiýanyň Miýagi prefekturasynyň Tohoku sebitinde ýerleşýän Sendai şäherindäki iri we abraýly ylmy-bilim merkezidir. Uniwersitetiň talyplaryň alyş-çalyş maksatnamalary dürli ugurlar boýunça bilim alýan daşary ýurtly talyplara bir ýa-da birnäçe semestriň dowamynda bu ýokary okuw mekdebinde bilim almaga we ylmy işlere gatnaşmaga mümkinçilik berýär.