TM EN RU
Logo
MILLI BILIM ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ 
ÇÄGINDE TÜRKMENISTANLY PEDAGOGIK IŞGÄRLER
HÜNÄR DEREJESINI ÝOKARLANDYRDYLAR
2026-10-31T13:22:41.092664+05:00

MILLI BILIM ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ ÇÄGINDE TÜRKMENISTANLY PEDAGOGIK IŞGÄRLER HÜNÄR DEREJESINI ÝOKARLANDYRDYLAR

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Biz dostlugyň köprüsi hasaplanýan bilimi hem-de parahatçylygyň ilçisi bolan sporty ösdürmäge uly üns berýäris. Milli maksatnamamyza, konsepsiýalarymyza we strategiýalarymyza laýyklykda, iň kämil enjamlar, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim edaralarynyň sanyny artdyrýarys, öňdebaryjy tejribeler esasynda bilim işiniň netijeliligini ýokarlandyrýarys. Bu bolsa ylymly-bilimli, ýokary jogapkärçilikli, päk ahlakly watançy nesilleriň kemala gelmegini üpjün edýär» diýip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan halkara Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly nusgalyk kitabynda: «Öwrenmek, bilmek durmuşyň bütin dowamynda saňa örän gerek. Sen näçe okumyş, erjel hem bolsaň, her bir ugruň hem öz tapylgysyz ussatlarynyň bardygyny unutma! Olara hut şonuň üçin hem sarpa goýmagy başar. Sebäbi her bir işde ussatlyga ýetmek, uçursyz uly zehiniň we yhlasyň, ukybyň miwesidir» diýip, her bir işde ussatlyga ýetmek okamagyň, öwrenmegiň ynsanyň ýaşaýyş-durmuşynda nähili uly ornunyň bardygyny nygtap belleýär. Okamak, öwrenmek, yzygiderli kämilleşmek sogaply we jogapkärli käriň eýeleri bolan bilim işgärleri üçin has-da möhümdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim işgärleriniň her biriniň öz hünär derejesini ýokarlandyrmagy we mugallymçylyk ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu möhüm ugurda işjeň halklara hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen milli bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň netijesinde öňdebaryjy dünýä tejribelerini öwrenmäge giň mümkinçilik döredilýär.

Ýakynda, has takygy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçirilýän şu ýylyň 21-27-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň guramaklarynda hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet federal mugallymçylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň alyp barmagynda Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň döwrebap binasynda ýurdumyzyň bilim işgärleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlary uly üstünlik bilen geçirildi. Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet federal mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda baglaşylan Ylalaşygyň çäginde guralan bu hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlarda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli derejelerinde – mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän mugallymlaryň 300-si hünär derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik aldylar.

Russiýaly hünärmenleriň gatnaşmaklarynda geçirilen hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlar aşakdaky 6 ugur boýunça guraldy:

1. Funksional sowatlylygy nygtamak bilen, ynsanperwer ugurly sapaklary nusgalaşdyrmak (modelirlemek).

2. Funksional sowatlylygy nygtamak bilen, tebigy bilimler ugruna degişli sapaklary nusgalaşdyrmak (modelirlemek).

3. Häzirki zaman şertlerinde ýaşaýyş-durmuş dersini okadýan mugallymlaryň hünär başarjaňlyklarynyň derejesini ýokarlandyrmak.

4. Inklýuziw bilimiň okuw-usulyýet üpjünçiligi.

5. Mekdebe çenli bilimde häzirki zaman ösdüriji tehnologiýalar.

6. Bilimiň sanlylaşdyrylýan şertlerinde okuw işini guramagyň netijeli usullary. Mugallymçylyk işinde häzirki zaman meýiller we innowasion tejribeler.

«Funksional sowatlylygy nygtamak bilen, ynsanperwer ugurly sapaklary nusgalaşdyrmak (modelirlemek)» atly usuly-amaly okuwlaryň diňleýjileri okatmakda we terbiýelemekde wajyp wezipeleriň biri hasaplanýan häzirki zaman okuwçylarynda funksional sowatlylygy kemala getirmegiň usulyýet aýratynlyklaryna degişli möhüm maglumatlar bilen tanyşdylar. Bu wajyp mesele boýunça halkara tejribesini özleşdirdiler.

Belli bolşy ýaly, funksional sowatlylygy kemala getirmek bilim ulgamynyň wajyp meseleleriniň biri bolmak bilen, ol şahsyýetiň jemgyýete uýgunlaşmagyna uly täsir edýär. Funksional sowatlylyk – bu döwrebap tebigy hem jemgyýetçilik gurşawda ýaşamak we öz ornuňy tapmakdyr. Funksional sowatlylygy kemala getirmegiň dowamynda mekdep okuwçylarynyň okaýyş sowatlylygyny kemala getirmäge aýratyn üns bermeklik göz öňünde tutulýar. Munuň özi adamyň düşünmek, düşündirmek, seljermek, peýdalanmak, täzeden düzmek, bahalandyrmak, alan maglumatyny täze şertlerde amala aşyrmak ukybydyr. PISA halkara bilim maksatnamasy boýunça ylmy-barlaglarda okaýyş sowatlylygy diňe bir ýazylany okamak bilen çäklenmän, eýsem maglumat bilen işjeň, ýagny mümkingadar, netijeli işlemegi hem aňladýar.

Funksional sowatlylygyň kemala gelmegi okuwçylaryň okuwa höwesini, bilesigelijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, bilim ulgamynyň esasy hem wajyp meseleleriniň çözgüdi hökmünde kabul edilýär.

Usuly-amaly okuwlaryň diňleýjileri köp sanly amaly işleri ýerine ýetirdiler. Olar kiçi toparlara bölünip, tankydy pikirlenmäniň dürli pedagogik tehnologiýalaryny, usullaryny peýdalanyp, sapagyň mysaly meýilnamasyny işläp düzdiler we sapak ýazgysyny işläp taýýarladylar. Mugallymlaryň işläp düzen şol sapak ýazgylarynyň taslamasy funksional sowatlylygy kemala getirmäge hem-de ony bahalandyrmagyň ýollaryny öwrenmäge gönükdirildi. Geçirilen hünär kämilleşdiriş usuly-amaly okuwlary mugallymlaryň iş tejribesini has-da kämilleşdirmage we öwrenilenleri geljekde okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmaga uly mümkinçilikleri döretdi.

«Funksional sowatlylygy nygtamak bilen, tebigy bilimler ugruna degişli sapaklary nusgalaşdyrmak (modelirlemek)» atly usuly-amaly okuwa gatnaşan pedagogik işgärler umumybilim edaralarynda tebigaty öwreniş, biologiýa, ekologiýa, himiýa, fizika, astronomiýa ýaly okuw dersleri öwredilende mekdep okuwçylarynda tebigy-ylmy sowatlylygy kemala getirmegiň we ösdürmegiň usullary we usulyýet aýratynlyklary baradaky halkara tejribesindäki täze maglumatlar bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» okuwçylaryň dünýägaraýşyny kemala getirmek we olara şahsy durmuş ýoluny kesgitlemäge ýardam bermek maksady bilen, okatmagyň innowasion usullaryny, umumybilim edaralarynda barlag-gözleg tehnologiýalarynyň işjeň peýdalanylmagyny gazanmak wezipesi ýerine ýetirilmeli çäreleriň möhümleriniň hatarynda kesgitlendi.

Usuly-amaly okuwlaryň dowamynda diňleýjiler kiçi toparlara bölünip, okatmagyň barlag-gözleg tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak boýunça amaly işleri hem ýerine ýetirdiler. Munuň özi pedagoglaryň mugallymçylyk ussatlygynyň has-da kämilleşmegine kömek eder.

«Häzirki zaman şertlerinde ýaşaýyş-durmuş dersini okadýan mugallymlaryň hünär başarjaňlyklarynyň derejesini ýokarlandyrmak» atly usuly-amaly okuwlaryň diňleýjileri ösüp gelýän ýaş nesilde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, gymmatly durmuş endiklerine eýe bolmagy terbiýelemekde okatmagyň dürli usullaryndan, şol sanda innowasion pedagogik tehnologiýalardan peýdalanmagyň öňdebaryjy halkara we milli tejribeleri bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Bu usuly-amaly okuwlarda pedagogik işgärler «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen möhüm wezipäni – okuw-terbiýeçilik işinde okatmagyň didaktiki oýun tehnologiýalarynyň (keşpli (rolly) netijeli ulanylmagyny gazanmak wezipesini durmuşa geçirmegiň ylmy-usulyýet aýratynlyklaryny özleşdirdiler. Şeýle hem, diňleýjiler russiýaly usulyýetçi alymlaryň Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri bilen bilelikde çapa taýýarlan we köpçülikleýin neşir edilen umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-4 synplary üçin ýaşaýyş-durmuş esaslary dersi boýunça iş depderleriniň gurluşy, many-mazmuny bilen ýakyndan tanyşdyryldy hem-de şol okuw serişdelerini ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmagyň usulyýet tärlerini öwrendiler.

«Inklýuziw bilimiň okuw-usulyýet üpjünçiligi» atly usuly-amaly okuwlara gatnaşan pedagogik işgärlere «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» öz beýanyny tapan saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen işlemegiň aýratynlyklaryny (inklýuziw bilim) nazara alyp, köp ugurly pedagogik işgärleri taýýarlamak hem-de olaryň işine usulyýet taýdan ýardam bermek babatyndaky wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilmeli möhüm işler, olaryň usulyýet aýratynlyklary barada gymmatly maglumatlar berildi. Diňleýjiler bu ugurdaky öňdebaryjy milli we halkara tejribeler bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Usuly-amaly okuwlaryň dowamynda onuň diňleýjileriniň ünsi «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen möhüm wezipä – geljekki pedagogik işgärlerde okaýanlaryň dürli toparlary, şol sanda saglyk mümkinçiligi çäkli bolan çagalar bilen hem işlemekde zerur bolan möhüm hünär endiklerini kemala getirmek hem-de olary yzygiderli ösdürmek wezipesine, olary çözmegiň netijeli ýollaryna çekildi.

«Mekdebe çenli bilimde häzirki zaman ösdüriji tehnologiýalar» atly usuly-amaly okuwlarda bolsa, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen möhüm wezipä – mekdebe çenli bilim we terbiýe bermek işine öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, okuw sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramak bilen baglanyşykly wezipä diňleýjileriň ünsi gönükdirildi. Usuly-amaly okuwlarda diňleýjilere mekdebe çenli çagalar edaralarynyň psihologiýa, pedagogika we okatmagyň usulyýeti babatdaky hünär derejelerini dünýä tejribesine laýyklykda ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri çözmegiň netijeli ýollary barada hem giňişleýin maglumatlar we usuly maslahatlar berildi.

«Bilimiň sanlylaşdyrylýan şertlerinde okuw işini guramagyň netijeli usullary. Mugallymçylyk işinde häzirki zaman meýiller we innowasion tejribeler» atly okuwlara ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde zähmet çekýän professor-mugallymlaryň bir topary diňleýjiler hökmünde gatnaşdylar. Bu usuly-amaly okuwlaryň diňleýjilerine «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen derwaýys wezipäni – mugallymlaryň sanly başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça möhüm wezipäni amal etmegiň öňdebaryjy we netijeli ýollary baradaky gymmatly maglumatlar berildi. Olar bu möhüm ugurdaky milli we dünýä tejribesiniň gazananlary bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Şeýle hem, usuly-amaly okuwlaryň dowamynda pedagogik işgärler sanly we innowasion tehnologiýalar babatda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurdumyzyň bilim ulgamyna işjeň ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri we anyk ýollary barada hem özara pikir we tejribe alyşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy esasynda milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan işjeň halkara hyzmatdaşlygyň çäginde hünär derejesini ýokarlandyran türkmenistanly pedagogik işgärlere halkara nusgaly şahadatnamalar gowşuryldy.

Hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlaryň diňleýjileri ýürek sözlerini we alkyşlaryny beýan edip, milli bilim ulgamyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebap ösdürmekde, hünär derejelerini ýokarlandyrmakda we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmekde, halkara tejribesini öwrenmekde döredip berýän amatly mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza uly sagbolsunlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ýaş, berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli we döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle ýokary hilli döwrebap bilim-terbiýe bermekde, hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmekde Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly nusgalyk kitabynda: «Işine ussat kişi tejribesini kämilleşdirip, onuň hünäri köpe gerekli bolar. Ýöne ol öz barlyk dünýäsiniň bir ýagdaýyny saklamak üçin ömür öwrenip gezýär. Wagt tapmasaňam öwrenmeli. Käte öwrenmek islegi, iýip-içmek islegindenem beter ýüregiň kararyny alýar. Şonda-da öwrenip, hiç haçan zyýana galan ýok» diýip, beýan eden gymmatly wesýetlerine we maslahatlaryna eýerip, mundan beýläk hem tutanýerlilik bilen yhlasly we döredijilikli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Sapargeldi DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň

bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş

bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň

doktory, dosent