TM EN RU
Logo
“Bilim ulgamynda emeli aňyň mümkinçilikleri” atly okuw maslahaty geçirildi
2026-10-30T12:01:19.128748+05:00

“Bilim ulgamynda emeli aňyň mümkinçilikleri” atly okuw maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 29-yna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mejlisler zalynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň belent paýhasly ýol-ýörelgelerine eýerip, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň çuň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek, olarda watansöjüjilik, ruhy-ahlak we milli gymmatlyklarymyza belent hormat goýmak duýgularyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçiriljek wagyz-nesihat çäreleriniň meýilnamasyndan ugur alyp, emeli aňyň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, internetiň we emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň medeniýetini ösdürmek maksady bilen talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Bilim ulgamynda emeli aňyň mümkinçilikleri” ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda emeli aňyň filosofiýasy, taryhy, maglumat howpsuzlygy, etiki ýörelgeler we jogapkärçilik, ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän bimöçber aladalar we döredilýän mümkinçilikler dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemala getirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty