TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI ÝAŞLARYŇ ARASYNDA ROBOT TEHNOLOGIÝASY BOÝUNÇA BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILÝÄNDIGINI MÄLIM EDÝÄR.

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI ÝAŞLARYŇ ARASYNDA ROBOT TEHNOLOGIÝASY BOÝUNÇA BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILÝÄNDIGINI MÄLIM EDÝÄR.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, ýaşlarda täze, döwrebap tehnologiýalaryna erk etmek endiklerini ösdürmek hem-de daşary ýurt tejribelerine gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak, Ýaşlaryň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi  ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşigiň 2023-nji ýylyň 18-19-njy marty aralygynda “Sanly Çözgüt IT meýdança” hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilýändigini mälim edýär.Salgy : education.gov.tm [...]

Dowamyny oka
Mugallymçylyk işinde bahalandyrmagyň innowsion görnüşi

Mugallymçylyk işinde bahalandyrmagyň innowsion görnüşi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň  Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim we ylym ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolýar. Bilim-ylym babatda gazanylýan ösüşler we amala aşyrylýan bilim özgertmeleri bilim ulgamynda işleýän her bir hünärmenleriň öňünde uly döredijilik mümkinçiliklerini açýar. Ýaş nesliň bilimli-ylymly, asylly terbiýeli, ata-Watanymyza, halkymyza wepaly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerinde bilim ulgamy wajyp wezipäni ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda bilim berýän edaralar  bilen birlikde ähli ugurlarda  sanly ulgam serişdeleriniň ornaşdyrylmagy, biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde “Sanly bilim ulgamyny” hakyndaky konsepsiýanyň ýerine ýetirilişiniň çäklerinde, bilim ulgamynda hem ýokary derejeli kämil hünärmenleri taýýarlamak mugallymlaryň öňünde esasy maksat bolup durýar.  Mugallymçylyk mekdebimizde talyplaryň başarnyklaryny barlamak we bahalandyrmak işleri Mugallymçylyk mekdebiniň informatika mugallymy tarapyndan döredilen “E-žurnal” ulgamynyň esasynda alnyp barylmagy mugallymlaryň sanly ulgamlary tiz öwrenmek ukyplarynyň artmagyna getirdi.  “E-žurnal” özüniň köp taraply ulgamlary bilen tapawutlanyp, mugallymlar [...]

Dowamyny oka
Nesil terbiýesi asylly ýörelgedir

Nesil terbiýesi asylly ýörelgedir

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, gadymdan gelýän milli medeniýeti, däp -dessurlary bar. Bu gymmatly mirasa belent sarpa goýup, geljek nesilleri hem milli ruhda terbiýelemek asylly ýörelgedir. Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaşlar babatda edilýän aladalarda ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimiziň aýdyň şöhlelenmesini görýäris.Ýaşlara milli bilim-terbiýe bermek barada, olaryň ilhalar ynsanlar, döwrebap hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda döwletimizde uly işler amala aşyrylýar. Milli ýol-ýörelgelere esaslanyp, bilim we terbiýe bermek işinde bilim-terbiýeçilik edaralary bilen maşgalanyň özara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar. Bu babatda biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde hem uly işler durmuşa geçirilýär, ýagny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 5-nji fewralynda Mugallymçylyk mekdebimizde okaýan talyplaryň ata-eneleri bilen ýygnak geçirildi. Ýygnakda mekdebimizde talyp ýaşlara berilýän bilim barada, şeýle hem alnyp barylýan terbiýeçilik işleri barada Mugallymçylyk mekdebimiziň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunç [...]

Dowamyny oka
DÖWRÜŇ TALABY - MUGALLYMA ÝÖRELGE

DÖWRÜŇ TALABY - MUGALLYMA ÝÖRELGE

Döwrebap hunarmenleri taýýarlamagyň häzirki zaman şertlerinde mugallymyň hünärmeni talabalaýyk taýýarlamakda durmuşa geçirilyän özgertmeleriň näderejede bolmalydygyny kesgitlemek mümkinçiligi bar. Hunärmen tayyarlananda, geljekde mugallym bolmaly ýaşlaryň bu ugurda jogapkärçiligini yokarlandyrmak zerurdyr.Mugallym okatmagyň täzeçe we durli usullaryny ýerlikli ulanyp, sapagy, synpdan daşary işleri maksadalaýyk guramagy başarmalydyr. Onuň üçin mugallym irginsiz gözlegde bolmaly. Okatmagyň  täze usullaryny utgaşykly guramak, garaşylyan netijäni gazanmak üçin öňdebaryjy mugallymlaryň iş tejribesini öwrenmek, birek-birek bilen maslahatlaşmak döredijilikli gözleg işleri üçin oňaýly badalgadyr.Ylmyn gazananlaryna esaslanyan didaktiki talaplara görä, okuw işini guramakda milli yörelgelerimiz bilen halkara pedagogik yörelgeleri utgaşdyrylyar. Bilim bermekde täzeçe çemeleşmeler okatmagyň mazmunyny kesgitleýän bolsa, innowasion usullaryň sanly ulgam arkaly amala aşyrylmagy bu işleri guramagy häsiýetlendirýär. Diýmek, şol bir wagtyň özünde, hem maksat, hem yörelge, hem serişde, hem görnüş okatmagyň häzirki zaman usullarydyr.Sanly bilim ulgamyna geçmegiň düyp mazmunyna we "Turkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdurmegiň Konsepsiyasyna" laýyklykda amala aş [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09