Mugallymçylyk mekdebinde "eSapak" ulgamy
Garaşsyz Watanymyzda milli ykdysadyýetimizi düýpli diwersifikasiýalaşdyrmak we ýokary tehnologiýaly önümçilik ulgamyny döretmek işi netijeli ösdürilýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” kabul edilmegi bu babatda giň mümkinçilikleri açýar. Ylmyň we tehnologiýalaryň barha rowaçlanýan döwründe ykdysadyýetde bolşy ýaly bilim ulgamynda hem innowasiýalaryň orny örän uludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ykdysadyýet, önümçilik pudagynda we bilim ulgamynda sanly ulgamyny ornaşdyrmak babatda ähli zerur mümkinçilikler we şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli Bilim ulgamyny dünýäde bolup geçýän tehnologik özgertmeler bilen aýakdaş ösüşiň täze hil derejesine göterilýär. Biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimiz döredilýän mümkinçiliklerden has manyly peýdalanyp, awtomatlaşdyrylan programma üpjünçilikleriniň üsti bilen okatmakda has döwrebap usullardan peýdalanýar. Mekdep portalynyň üsti bilen “E-žurnal” awtomatlaş [...]
Dowamyny oka