Talyplaryň arasyndaky diktant bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Talyplaryň arasyndaky diktant bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

28-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän "Magtymguly, öwüt bergin söz bile" atly diktant bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýol kartasynyň «Medeni we edebi çäreleri guramak» atly bölümine laýyklykda guralan bu çäräniň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim syýasatyny durmuşa geçirmekden, türkmen ýaşlaryny ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemekden, talyp ýaşlaryň döwlet dilini kämil derejede bilmeklerini gazanmakdan, olaryň türkmen dilinden ýazuw sowatlylygyny ösdürmekden, bilimlerini has-da çuňlaşdyrmakdan, hünärmenleri taýýarlamagyň derejesini kämilleşdirmekden ybaratdyr.Himiýa fakultetiniň okuw binasynda geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden zehinli talyp ýaşlaryň köp sanlysy gatnaşdy. Ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolan bäsleşik ýazuw sowatlylygy [...]

Dowamyny oka
Iş maslahaty

Iş maslahaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda döwrebap sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri, pudaklaryň ösüşinine we durmuş ulgamyna edýän täsiri ähli ulgamlarda boluşy ýaly bilim ulgamyndaky işgärleriniň  arasynda işjeň ara alyp maslahatlaşylýan meseleleriň birine öwrüldi. Ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy jemgyýeti maglumatlaşdyrmak diýilip atlandyrylýan aýratyn ugruň ornuna geçdi.Sanly ykdysadyýetimizi ösdürmek maksady boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda geçirilýän ylmy maslahatlar, konferensiýalar onlaýn görnüşinde geçirilip özara maslahatlaşmak, edilen işler barada hasabatlary tabşymak işleri sanly bilim ulgamyny has öňdäki derejelere ýetmegine uly täsirini ýetirdi. Türkmenistanyň halk maslahatyyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biz sanly ykdysadyýete geçmekde öňümizde durýan wezipleri çözmek üçin programmaçylar, inžinerler, tehnologlar ýaly hünärmenlere zerurlygy göz öňünde tutdyk.”  diýip, ýerlikli belläp geçýär.  Türkmemnistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 25-ine geçirilen onlaýn maslahatynda (seminarynda) döwletimiziň ähli ýokary we orta [...]

Dowamyny oka
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty işläp başlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty işläp başlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi internet saýty döredildi. Bu barada türkmen metbugaty tarapyndan habar berildi.Halk Maslahatynyň internet saýtynyň döredilmegi barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde mälim etdi.– Biz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, tele-radioýaýlymlaryň, döwürleýin metbugatyň, elektron neşirleriň, internet saýtlarynyň we beýleki media serişdeleriniň işine uly ähmiýet berýäris. Olary halkymyz bilen jebis aragatnaşyk saklamagyň möhüm gurallary diýip hasap edýäris. Olardan has netijeli peýdalanmak maksady bilen, biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça metbugat wekilini media serişdeleri bilen içgin aragatnaşyk saklamaga borçlandyrdyk.Ilatyň biziň alyp barýan işlerimiz bilen tanyşmagy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty döredildi – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Internet saýtyna şu salgy boýunça girip bolýar: «maslahat.gov.tm». [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09