Çagany okuwa gitmäge nähili usullar bilen höweslendirmeli
[...]
Dowamyny okaArkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde ýurduň orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi mynasybetli halkara şahadatnamalaryň gowşuryş dabarasy geçirildi.Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň; Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň; Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň; Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň; Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň; Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň müdirlerine degişli şahadatnamalary gowşurdy.Mälim bolşy ýaly, «ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleri» atly taslama 1953-nji ýylda badalga aldy. Ol tutuş dünýäniň bilim edaralaryny umumy maksadyň – parahatçylyk döredijilik we ynsanperwerlik gymmatlyklary ilerletmek, medeniýetleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynyň töwereginde jemleýä [...]
Dowamyny okaMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilen «Ýylyň mugallymy» atly döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.Ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, 4 tapgyrda dowam eden gözden geçiriliş, ilki bilen, kafedralaryň, fakultetleriň, ýokary okuw mekdepleriniň derejesinde geçirildi.Onuň şu ýylyň 26-27-nji maýynda bolan jemleýji tapgyrynda 25 mugallym bäsleşdi. Olar özleriniň hünär ugry boýunça pedagogik, terbiýeçilik we ylmy işleri alyp barmakdaky ussatlyklaryny görkezdiler. Şertleriň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, ylym we bilim pudagyndaky milli neşirleriň wekillerinden ybarat bolan eminler topary baha berdiler.Ilki bilen, mugallymlar umumy, tejribe açyk sapaklaryny geçip, talyplar bilen işleşmegiň özboluşly taraplary boýunça ukyplaryny aýan etdiler. Şunda olaryň okuw-usulyýet işlerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanyşlaryna aýratyn üns berildi. Käbir şertler bäsdeşleriň ylmy işleriniň netijelerini, ýagny maslahatlarda, gazet-žurnallarda, internet neşirlerinde eden ylmy çykyşlaryna, çap bolan monografiýalarynyň, okuw gollanmalarydyr kitaplarynyň ähmiýetine, mugallymlaryň ylmy [...]
Dowamyny oka2024-nji ýylda Türkmenistanda beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden belleniler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen alymlary Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň türkmen şahyry Misgingylyç tarapyndan ýazylan golýazmalarynyň nusgalaryny bermek haýyşy bilen Kazan federal uniwersitetine ýüz tutdular.Golýazmalar Kazan federal uniwersitetiniň N.I.Lobaçewskiý adyndaky Ylmy kitaphanasynyň Golýazmalar we seýrek kitaplar bölüminiň gaznasynda saklanýar.Şu gün KFU-nyň Prezidenti Riýaz Minzaripow golýazmalaryň nusgalaryny Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Aleksandr Amanowa gowşurdy.— Uniwersitetiň Golýazmalar we seýrek kitaplar bölüminde saklanýan Magtymguly Pyragynyň goşgulary bilen baglanyşykly resminamalary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlaryna dabaraly ýagdaýda tabşyrmagyň wagty geldi. Uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň adyndan olary uly höwes bilen gowşurýaryn – diýip, R.Minzaripow belledi.Kazan uniwersitetinden bu çärä Ylmy kitaphananyň müdiriniň orunbasary Elmira Amerhanowa hem-de Golýazmalar we seýrek kitaplar bölüminiň müdiri Enje Sabirowa gatnaşdy. Çärede bu golýazmanyň 1909-njy ýylda ýazylyp tamamlanandygy aýdylýar. Golýazma 1982-nji ýylda dilçi Jamilýa Karmyşewa tarapyndan uniwersitete gowşuryldy. [...]
Dowamyny okaDaşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy