Wagyz-nesihat duşuşygy

Wagyz-nesihat duşuşygy

2023-nji ýylyň 14-nji martynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň dabaralar eýwanynda  Daşoguz welaýat hukuk goraýjy edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň  gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Mugallymçylyk mekdebiniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşanlar talyplaryň öňünde çykyş edip, neşekeşlik, arakhorluk, çilimkeşlik ýaly ýaramaz endikleriň, dürli psiohtrop maddalaryň we käbir gadagan edilen derman serişdeleriniň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany barada düşündirdiler. Mundan başga-da ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni pugtalandyrmak, edep-ekramlylyk ýörelgelerini eýermegini gazanmak, ýurdumyzda hukuk ulgamy boýunça kabul edilen täze kararlar, kanunlar bilen tanyşdyrdylar. Talyp ýaşalara ýol hereketiniň howupsuzlygyny berjaý etmek barada birnäçe düşündiriş işlerini geçdiler.Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, sowatly bolup ýetişmekleri bilen bir hatarda, olaryň watançylyk duýgusynyň ýokary bolmagyny gazanylmagynyň möhüm wezipeleriň biridigini aýdyp, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda [...]

Dowamyny oka
Awtomatlaşdyrylan "Girelge" ulgamy

Awtomatlaşdyrylan "Girelge" ulgamy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron sungatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Bu möhüm işlere hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” kabul eden Karary badalga berdi.Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde Türkmenistanda milli programma üpjünçiligini ösdürmek maksady bilen Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň informatika mugallymy D.Muhammedow tarapyndan ýazylan “GIRELGE” atly awtomatlaşdyrylan programma üpjünçiligi ýazylyp, 2020-nji ýyldan bäri hiç hili bökdençsiz işläp gelýär. Awtomatlaşdyrylan programmanyň adyndan belli bolşy ýaly, edara-kärhanalarynda işgärleriň işe gelen wagtyny, işden giden wagtlaryny hasaba alýar. Onuň üçin ýörite işgärleriň ellerinde edaranyň adyny, işgäriň adyny, familiýasyny, wezipesini [...]

Dowamyny oka
Serdar Berdimuhamedow: «Mugallymlaryň zähmet hakyny ýokary derejede bellemek gerek»

Serdar Berdimuhamedow: «Mugallymlaryň zähmet hakyny ýokary derejede bellemek gerek»

10-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer N.Amannepesowyň hasabatyny diňläp, onuň gözegçilik edýän düzümleriniň ýolbaşçylarynyň öňünde birnäçe möhüm wezipeleri goýdy. Hususan-da, çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ýokary şertleri döretmek, ýaş nesliň tebigy zehinini, ukyplaryny, başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek, ulgamlaýyn alyp barmak, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalary, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribelere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek tabşyryldy.— Orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmäge uly üns bermek wajypdyr. Mugallymçylyk käriniň abraýly we ýaşlary özüne çekiji bolmagy üçin, olaryň zähmet hakyny ýokary derejede bellemek gerek — diýip, döwlet Baştutany nygtady.Şeýle hem daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň Türkmenistanda zerur bolan bölümlerini açmak boýunça degişli işleri geçirmegiň möhümdigine üns çekildi.Salgy : turkmenportal.com [...]

Dowamyny oka
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI ÝAŞLARYŇ ARASYNDA ROBOT TEHNOLOGIÝASY BOÝUNÇA BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILÝÄNDIGINI MÄLIM EDÝÄR.

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI ÝAŞLARYŇ ARASYNDA ROBOT TEHNOLOGIÝASY BOÝUNÇA BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILÝÄNDIGINI MÄLIM EDÝÄR.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, ýaşlarda täze, döwrebap tehnologiýalaryna erk etmek endiklerini ösdürmek hem-de daşary ýurt tejribelerine gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak, Ýaşlaryň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi  ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşigiň 2023-nji ýylyň 18-19-njy marty aralygynda “Sanly Çözgüt IT meýdança” hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilýändigini mälim edýär.Salgy : education.gov.tm [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09