Ýiti aňyň tötänleýin 15 alamaty

Ýiti aňyň tötänleýin 15 alamaty

Aslynda «akylly adam» diýlip kim göz öňüne tutulýar? Käbirleri üçin bu ylym bilen meşgullanýan ýa-da pelsepe bilen gyzyklanýan adamdyr, başga birleri üçin bolsa durmuş şertlerinden nähili peýdalanmalydygyny bilýänlere akylly diýilýär.Size ýetirýän şu makalamyzda özüňizi synap boljak akylly adamyň 15 sany tötänleýin, öz-özünden bolup bilýän alamatlary kesgitlenilýär.Ünsüň jemlenmegiAdamlar belli bir meselä uzak wagtlap ünsüni jemläp, töwerekdäki hereketlere, ýagdaýlara we seslere üns bermezden, möhüm maglumatlara üns bermegi başarýarlar.Ýekeligi ileri tutýarÝalňyzlyk hakyky akylyň sussuny basyp bilmeýär. Şeýle adamlar özlerini islendik zat barada oýlanmakda sazlaşykly duýýarlar we pikirlerinde özlerini ýalňyz duýup, uly işleriň başyna barýarlar.Ownuk zatlara-da jikme-jik üns berýärlerAkylly adama islendik ýagdaýy başdan ahyryna çenli seljermek we öz pikirini döretmek üçin her bir jikme-jik zatlara-da üns bermek zerur bolýar. Köp adamlar üçin bolsa giňden ýaýran stereotip ýa-da umumy kabul edilen pikir ýagdaýa baha bermek üçin ýeterlik diýlip düşünilýär. [...]

Dowamyny oka
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi

Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde ýurduň orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi mynasybetli halkara şahadatnamalaryň gowşuryş dabarasy geçirildi.Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň; Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň; Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň; Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň; Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň; Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň müdirlerine degişli şahadatnamalary gowşurdy.Mälim bolşy ýaly, «ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleri» atly taslama 1953-nji ýylda badalga aldy. Ol tutuş dünýäniň bilim edaralaryny umumy maksadyň – parahatçylyk döredijilik we ynsanperwerlik gymmatlyklary ilerletmek, medeniýetleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynyň töwereginde jemleýä [...]

Dowamyny oka
«Ýylyň mugallymy» atly döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

«Ýylyň mugallymy» atly döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilen «Ýylyň mugallymy» atly döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.Ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, 4 tapgyrda dowam eden gözden geçiriliş, ilki bilen, kafedralaryň, fakultetleriň, ýokary okuw mekdepleriniň derejesinde geçirildi.Onuň şu ýylyň 26-27-nji maýynda bolan jemleýji tapgyrynda 25 mugallym bäsleşdi. Olar özleriniň hünär ugry boýunça pedagogik, terbiýeçilik we ylmy işleri alyp barmakdaky ussatlyklaryny görkezdiler. Şertleriň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, ylym we bilim pudagyndaky milli neşirleriň wekillerinden ybarat bolan eminler topary baha berdiler.Ilki bilen, mugallymlar umumy, tejribe açyk sapaklaryny geçip, talyplar bilen işleşmegiň özboluşly taraplary boýunça ukyplaryny aýan etdiler. Şunda olaryň okuw-usulyýet işlerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanyşlaryna aýratyn üns berildi. Käbir şertler bäsdeşleriň ylmy işleriniň netijelerini, ýagny maslahatlarda, gazet-žurnallarda, internet neşirlerinde eden ylmy çykyşlaryna, çap bolan monografiýalarynyň, okuw gollanmalarydyr kitaplarynyň ähmiýetine, mugallymlaryň ylmy [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09