Täsirli geçirilen bäsleşik

Täsirli geçirilen bäsleşik

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň sport eýwanynda talyp oglanlaryň we gyzlaryň arasynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.Bäsleşik Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň  talyp ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny aýdyň görkezdi. Bäsleşikde Mugallymçylyk mekdebiniň talyp oglanlaryndan we gyzlaryndan düzülen toparlar özara güýç synanyşdylar.Netijede, ýaryşyň jemleri boýunça oglanlaryň arasynda  303-nji toparyň talyby Döwlet Rejepow I orny, 203-nji toparyň talyby Baýram Baýramow II orny, 312-nji toparyň talyby Mekan Kömekow III orny eýelediler. Gyzlaryň arasynda  310-njy toparyň talyby Aýgül Duşemowa I orny, 315-nji toparyň talyby Täşjan Arazowa II orny, 311-nji toparyň talyby Gurbansoltan Işanowa III orny eýelediler. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplara Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň hormat hatlary gowşuryldy.                    & [...]

Dowamyny oka
Ahlakly nesil – bagtyýar geljek

Ahlakly nesil – bagtyýar geljek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz günsaýyn ösýär, özgerýär, täze zähmet üstünliklerine beslenýär. Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň dabaralanýan ýylynda biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde hem dabaraly çäreler, ylmy-amaly maslahatlar, sport ýaryşlary, aýdym-sazly çykyşlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri ýakynda mekdebimiziň birinji ýyl talyplarynyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleriniň üsti bilen çeper we ylmy edebiýata söýgüni ösdürmek, milliligi wagyz etmek, ýokary ahlak, ynsanperwerlik ýörelgelerini talyp ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak maksady bilen geçirildi. Türkmenistanyň baky Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygy, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen bu bäsleşikde mekdebiň hünär ugurly talyplary usuly birleşmeler tarapyndan düzülen alty sany topar çykyş etdi. Bäsleşik jemi 4 tapgyrda geçirildi: birinji şertde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserlerindäki parasatly pähimlerine, ýol-ýörelgelerine salgylanan döredijilik çykyşlary bilen gatnaşdylar. Bäsleşigiň bu şertinde [...]

Dowamyny oka
Talyplaryñ mugallymçylyk tejribeligi – hünär ussatlygyna tarap ilkinji ädim

Talyplaryñ mugallymçylyk tejribeligi – hünär ussatlygyna tarap ilkinji ädim

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Okatmagyň usulyýeti täzeçillige gönükdirilýär. XXI asyrda bilim-terbiýe ulgamynda ýokary derejeli, döredijilikli we hünärine ussat mugallymlara bolan isleg has-da artýar. Çünki ýaş nesliň geljegini pugtalandyrmakda, onuň dünýägaraýşyny ösdürmekde, Watana we halka peýdaly şahsyýet edip ýetişdirmekde mugallymyň orny aýratyn uludyr. Şonuň üçin hem talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, olary amaly tejribä, halypaçylyk ýoluna ugrukdyrmak zerur bolýar.Mugallymçylyk tejribeligi – talyplaryň okaýan döwründe, okuw mekdeplerinde ýa-da beýleki bilim edaralarynda geçýän ilkinji amaly synagy. Bu tejribe olaryň diňe okuwda alan nazary bilimleriniň däl, eýsem şahsy başarnyklarynyň hem ölçegi hökmünde hyzmat edýär.Ilki bilen, tejribe arkaly talyp mugallymlar synp mugallymy bilen ýakyndan işleşýärler, okuw prosesiniň ähli basgançaklaryna gatnaşýarlar. [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09