Mugallymçylyk hakynda parasatly aýtgylar

Mugallymçylyk hakynda parasatly aýtgylar

Mugallymyň iň ýokary sungaty döredijilikli aňlatmagyň we bilim almagyň şatlygyny oýarmak ukybydyr.Albert EÝNŞTEÝN.Mugallym talybyň akylynyň sapagy özleşdirip biljek mukdaryna görä ders bermek bilen çäklenmelidir we onuň akylynyň çatmajak zatlaryny sapaga girizmekden saklanmalydyr.Muhammet GAZALY.Öwredip öwrenýäris.SENEKA.Terbiýe üç zada mätäç: zehine, ylma, türgenleşige. Mugallymyň talapkärligi atanyň mährinden ýegdir.Pars pähimi.Mugallym üçin iň uly şatlyk öz okuwçysynyň öwülmegidir.Şarlotta BRONTE.Gaýtalamak bilimiň enesidir, ýöne döredijiligiň ganym duşmanydyr.L.MARTYNOW.Başgalara öwredeniňde has çalt hem gowy öwrenýärsiň.Roza LÝUKSEMBURG.Biz öwredýänlerimizden öwrenip bilýärisJ.HELEMENDERIS.Eger mugallym diňe öz kärini söýýän bolsa, gowy mugallym bolar. Eger-de mugallym işini-de, okuwçylaryny-da söýýän bolsa, ol kämil mugallymdyrN.TOLSTOÝ.Aýdýan zatlary bilen edýän işleri çapraz gelmeýän mugallym gowudyr.Katon SENZOR.Çynar GYLYJOWA,Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.Salgy : Turkmengazet.com [...]

Dowamyny oka
2025-nji ýyla çenli Hytaýda açyk binalardaky sport oýunlary boýunça pudak dörediler

2025-nji ýyla çenli Hytaýda açyk binalardaky sport oýunlary boýunça pudak dörediler

Hytaý Halk Respublikasynda 2025-nji ýyla çenli umumy maliýe dolanyşygy, takmynan, 418 milliard amerikan dollaryna barabar bolan açyk binalardaky sport oýunlary boýunça pudagy döretmek meýilleşdirilýär. Meýilnama 2025-nji ýyla çenli dowam eder. Onuň çäklerinde açyk sport desgalarynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barlar.  Resminama laýyklykda, ýurduň 2025-nji ýyla çenli açyk sport desgalary köpçüligiň islegini doly kanagatlandyryp biler. Şeýlelik bilen, ilatyň aglabasyny açyk sport bilen meşgullanmaga çekmek maksat edilýär. Mundan başga-da, bu pudakdaky sport çäreleriniň görnüşini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Tursunaý SEÝILHANOWA,Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.Salgy : Biznes Reklama [...]

Dowamyny oka
Mongoliýanyň myhmanlary köpelýär.

Mongoliýanyň myhmanlary köpelýär.

Mongoliýa şu ýylyň oktýabr aýyna çenli jemi 542,123 sany daşary ýurt syýahatçyny kabul etdi. Bu barada ýurduň daşky gurşaw we syýahatçylyk ministrligi habar berýär.Habarda daşary ýurtly syýahatçylaryň gelmegi bilen Mongoliýanyň girdejisiniň, ortaça, 700 million amerikan dollaryna barabar bolandygy aýdylýar. Bellenilişi ýaly, ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň aglabasy, esasan, Russiýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Ýaponiýadan we Gazagystandan gelen syýahatçylardyr.Belläp geçsek, häzirki wagtda Mongoliýanyň ykdysady ösüşi eksporta gönükdirilen magdançylyk pudagyna esaslanýar. Şol sanda ýurtda syýahatçylyk pudagyna ykdysadyýeti diwersifikasiýa usuly bilen ösdürmegiň giň mümkinçilikli ugurlarynyň biri hökmünde goralýar.Sahypjemal Kakaýewa,Beki Setäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby. Salgy : Biznes Reklama [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09