TÄZE TARYHY DÖWRÜŇ BATLY GADAMLARY
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, abadançylygy pugtalandyrmakdaky orny, öňe sürýän başlangyçlarynyň taryhy-syýasy taýdan ähmiýeti türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitindäki çykyşynda öz beýanyny tapdy. Döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy sammitiň esasy mowzugyna öwrüldi.Häzirki wagtda taryhy we ruhy kökleri bir bolan döwletleriň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlygy döwrebap görnüşde ösdürmek, täze derejä çykarmak babatda söwda-ykdysady, ulag-logistika ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda türki döwletleriň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde Hazarüsti ulag geçelgeleriniň zerurlygy we netijeliligi hakynda aýratyn nygtap geçdi.Energetika ulgamy Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine girýän ýurtlaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilen tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere eksport [...]
Dowamyny oka