Bellikler depderçesi (Hekaýa)

Bellikler depderçesi (Hekaýa)

Güýzüň ahyrky günleriniň birinde Myratjygyň alys guýudaky örüde goýun bakýan atasy Aman aga dowarlary ogly Kakala, ýagny Myratjygyň kakasydyr çoluklaryna tabşyryp, bäş-on gün oba dynç almaga geldi. Atasynyň ýylyň her möwsüminde belli günler öýlerinde bolmagy Myratlaryň öýüni kiçiräk bir toýhana öwürýär. Oba mekdebiniň 2-nji synpynda okaýan Myratjyk ene dili mugallymynyň özlerine beren tabşyryklary esasynda bellikler depderçesini ýöredýärdi. Suhangöý atasynyň gelmegi bilen habar berýär — diýdi. Döwre gurap oturan L ýaşulular Şaguly aganyň aýdanlaryny baş atyşyp makulladylar.Şol wagt çaý getirip hyzmat edip ýören obanyň çekene çopany Mäti idin sorap, özüniň şaýat bolan wakasyny geň-taň galyp gürrüň bermäge durdy:— Şu gün düşlän oýumyzyň golaýynda zemzen bilen ýylanyň başa-baş söweşini gördüm. Zemzen ýylany guýrugy bilen urup, kellesineagyz salmaga jan edýärdi, emma ýylan hem oňa per berer ýaly däl. Ýylan ondan ezberlik bilen sypyp, zemzeniň iki-üçýerinden çakdy. Şonda zemzen özüniň asgynlap barýandygyny duýanyndan, golaý- bu depderindäki ýazgylaryň gabarasynyň artjakdygyna onuň [...]

Dowamyny oka
Terbiýäniň milli kökleri

Terbiýäniň milli kökleri

Halal zähmet, päk ahlak ynsanyň bezegidir. Durmuşyny şu gymmatlyklar bilen bezeýän adam uzak ýol, menzil aşýar. Başgalar üçin hem görelde bolup durýar. Diňe halal zähmet çekýän adam bagtyýar durmuşda ýaşar. Halallygyň özeni bolsa nesil terbiýesinden başlanýar.Biziň begenjimiziňem, gynanjymyzyňam köki şol terbiýeden gözbaş alýar. Şonuň üçinem türkmen halky gaty ir döwürlerden bäri nesil terbiýesine uly ähmiýet berip gelipdir. Bu babatda «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlary, «Kowusnama» kitaby, Magtymguly atamyzyň şygyrlary bize nusgalyk çeşmelerdir.Edep bermegiň galypa salnan ülňüsi bolmaýar. Ol, esasan, görüm-göreldäniň, söhbetdeşligiň, çeper edebiýatyň… üsti bilen amal edilýär.Keý-Kowusda şeýle setirler bar: «Sözle, seniň kimligiňi aýdaryn». Eger, şol söz ýürekden çykan söz bolsa, ol onuň ruhy keşbiniň aýnasydyr.Bir kişi hemişe öý-ojagyndaky maşgala agzalaryndan berk tertip-düzgün talap edýän eken. Günlerde bir gün ol uzak wagtlyk sapara gitmeli bolupdyr. Olaryň sapary aýalynyň doglan gününe gabat gelipdir. Şonda [...]

Dowamyny oka
Mugallymçylyk hormatly kär

Mugallymçylyk hormatly kär

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylymly, bilimli, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr. Halkymyzyň baý medeni mirasyny dikeltmek, öwrenmek we ýokary ahlak düşünjeli, bilimli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek üçin maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde ýaşlaryň durmuşy, okuwy hem dynç alşy bilen bagly meseleler hem hemişe üns merkezinde saklanylýar.Türkmenistanyň milli bilim ulgamy innowasion tehnologiýalara we dünýä tejribesine esaslanýar. Şular bilen birlikde, täze gurulýan bilim ojaklarynyň ählisinde körpeleriň, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Orta we ýokary okuw mekdepleri täze enjamlar bilen abzallaşdyrylyp, sport zallarydyr meýdançalary, açyk we ýapyk howuzlar, woleýbol, futbol we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin täze, döwrebap desgalar bilen doly üpjün edilýär.Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ýagdaýy ösüşiň ýokary derejesine göterildi. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäherinde hem- [...]

Dowamyny oka
Milli terbiýe — asylly ýörelge

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Ata Watanymyz ösüşiň täze belent sepgitlerine tarap bedew bady bilen barýar. Eziz Diýarymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesiller we olaryň erkin ösüp-ulalmaklary, okamaklary, bagtyýar durmuşymyzyň eşretlerinden ýerlikli peýdalanmaklary baradaky alada hem ajaýyp zamanamyzda döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryna, olaryň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwrebap hukuk binýady döredilip, çaganyň irki ýaşlaryndan başlap, durmuş goraglylygyny we sagdyn ösmegini üpjün etmek meselesi möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Şol nukdaýnazardan, ýurdumyzda körpeleriň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegini maksat edinýän ençeme resminamalar kabul edilendir. Olar çagalary umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.Watan — başymyzyň täji, her bir adamyň ýüregindäki, ykbalyndaky iň arzyly mukaddeslik. Her bir güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ata Watanymyz gülläp ösýär, agzybir halkymyz halal zähmet çekip, Diýarymyzyň abraý-mertebesiniň has- [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09