ÝAŞLAR-ÝURDUMYZYŇ KUWWATY

ÝAŞLAR-ÝURDUMYZYŇ KUWWATY

Paýtagtymyzda ýaşlaryň ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň geçirilmegi, ýokary derejeli foruma barylýan günlerde bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy uly üstünliklere beslenip tamamlanan buýsançly şygarly ýylymyzy has-da dabaralandyryp, ýurdumyzyň ýeten sepgitlerine buýsanýan ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňligini artdyrýar.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Çünki adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir» diýýän sözleri ýaşlary Watanyň, halkyň, tutuş adamzadyň bähbitlerine dahylly işlerde yhlasly, gujurly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, dürli ugurlardan kämil baş çykarmaklary babatda giň mümkinçilikleriň döredilmegi olaryň dünýä derejesinde bilim almagyna, giň dünýägaraýyş [...]

Dowamyny oka
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 29-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ruhyýet” köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.Milli parlamentiň ýolbaşçysy, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy deputatlaryň adyndan ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, eziz Watanymyzyň rowaçlygy, mähriban halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan köptaraply işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak ýörelgesi indi asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan günü [...]

Dowamyny oka
Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzy uly buýsanç bilen kabul etdim.Bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek bu eserde ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri beýan edilýär. Ýaşlar biziň aýdyň geljegimizdir. Ösüşlerimiziň batly gadamlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlara uly orun berilýär. Olar üçin ähli döwrebap şertler döredilýär. Uly üstünliklere beslenen bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşandyklaryny aýratyn belläsim gelýär. Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi örän guwandyrýar.Baý many-mazmunly bu kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem, ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda-da uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýaryn.Täze ýylyň bosagasynda türkmen ýaşlaryna bagyşlan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzyň ilkinji sanyny maňa ibermegiňiz mende [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09