Okatmagyň döwrebap usullary ornaşdyrylýar

Okatmagyň döwrebap usullary ornaşdyrylýar

Häzirki ajaýyp döwrümizde ähli ulgamlar bilen birlikde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda hem guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym ulgamyny has-da ösdürmek, döwrebap mümkinçilikleri döretmek boýunça ýola goýlan işler ýaşlary ylmy üstünliklere ruhlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz bolsa ylym ulgamynda ýaşlarymyzyň ylmy mümkinçilikleriniň uly geljeginiň bardygyny aýdyň beýan edýär.Ylym akylyň, paýhasyň ösüşiniň gözbaşy bolmak bilen, jemgyýetçilik ösüşini kämillik derejesine çykarýan ummasyz güýçdür. Şeýle ösüşiň binýady berk, kökleri çuň, geljegi uly bolýar. Pederlerimiz öz döwründe ylym-bilimde baý tejribe toplapdyrlar. Ylymly-bilimli, sowatly adamlary hormatlapdyrlar. Şu jähetden, batly depginler bilen ösýän durmuşymyz jemgyýetiň öňünde-de, her bir adamyň öňünde-de täze talaplary goýýar. Häzirki döwürde «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen pähime eýerýäris. Şu nukdaýnazardan talyplara berilýän bilimiň akgynly ugry ylymdyr. Ylymda gazanylýan üstünlikler bolsa türkmen [...]

Dowamyny oka
“Milli ýörelge-ömre görelde” atly wagyz-nesihat çäresi

“Milli ýörelge-ömre görelde” atly wagyz-nesihat çäresi

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde 2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda mugallymlaryň we talyp gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen“Milli ýörelge-ömre görelde” atly wagyz-nesihat çäresiBerkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda gelin-gyzlara aýratyn hormat, sarpa goýulýar. Ähli pudaklarda zenanlarymyzyň zähmet çekmekleri şeýle-de ýaş gelin-gyzlaryň ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde okap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.Şu mynasybetli Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda “Milli ýörelge-ömre görelde” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň başynda Mugallymçylyk mekdebiniň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Miwe Agyşowa çykyş edip, talyp gyzlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, milli mirasymyza söýgüni artdyrmak, zähmete hormat goýmak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, olary maşgala durmuşyna taýýarlamak we maşgalanyň mukaddesligini wagyz etmek dogrusynda giriş sözi bilen çykyş etdi. Çäre Daşoguz şäherinden mährem ene Eneş Atabaýewanyň çykyşy bilen dowam etdi. Çykyşda gyz edebiniň maşgalada esasy mesele hasaplanylýandygy, şonuň üçin her bitr talyp [...]

Dowamyny oka
Döredijilik duşuşygy

Döredijilik duşuşygy

2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Pyragynyň paýhasy-kalbymyzyň aýdymy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.  Duşuşykda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary Arazgeldi Ýegenow, Serdar Saparow, Bossan Murzaýewa şeýle-de şol mekdebiň 2-nji ýyl talyplary Artylgül Meläýewa, Jemile Ismailowa dagy çykyş etdi. Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan biziň taryhy şahsyýetlerimize, alym-ulamalarymyza, ýazyjy-şahyrlarymyza hormat, sarpa goýulýandygy, poeziýamyzyň parlak ýyldyzy Magtymguly atamyzyň döredijiligini giňden öwrenmek, ony geljekki nesillere ýetirmekde bitirilýän işler dogrusynda belläp geçdiler. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde türkmen alymlary we daşary ýurt alymlarynyň hyzmaty barada çykyş etdiler. Duşuşykda çykyş edenler türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan  Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde ä [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09