Berkarar döwlet istärin…
Gürrüň Magtymgula syryganynda, türkmen üçin mertebe sözüni nygtap oturmagyň zerurlygy ýok. Çünki Magtymgulynyň özi milli mertebäniň öwüşginlerine öwrülip gidipdir. Ol biziň gündelik durmuşymyzyň müdimilik hemrasy. Magtymgulynyň diňe bir halkyň, milletiň däl-de, tutuş adamzadyň manyly hem parahat ýaşaýşynyň kepili bolan dostluk, doganlyk, ula hormat, kiçä söýgi, Watany, ene topragy, milletiňi janyňdan ileri tutmak ýaly ahlak gözelliklerinden söz açýan şygyrlary diýseň kän. Şol goşgularda Magtymgulynyň çuňňur filosofik dünýäsi we ylmy garaýyşlary seljerilýär, ägirt uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan bu eserlerde Watana bolan öçmejek söýgi, geljekki ýeňişlere egsilmez ynam, halkymyza mahsus maksada okgunlylyk çeperçilik bilen beýan edilýär.Agzybirlik ähli döwürlerde-de, şonuň bilen birlikde, Magtymgulynyň döwründe hem, häzirki döwürde-de ählihalk bähbidi bolup galýar. Sebäbi, agzybirlik asuda ýaşaýşyň, rysgal-berekediň gözbaşydyr. Magtymguly Pyragynyň il-ýurda, türkmen topragyna bolan mizemez söýgüsiniň beýany «Türkmeniň», «Ýeli Gürgeniň», «Bady-sabany görsem», «Jahan peýda», «Jan içinde» [...]
Dowamyny oka