Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde “Bilimli ozar” atly bäsleşigi geçirildi

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde “Bilimli ozar” atly bäsleşigi geçirildi

Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni şanly wakalara, zähmet üstünliklerine, dabaraly çärelere beslenýär. Şeýle çäreleriň biri biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde “Bilimli ozar” ady bilen geçirildi.Welaýatymyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu bäsleşik talyplaryň bilimlerini, başarnyklaryny we endiklerini ösdürmek, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, şeýle-de talyplaryň syýasy-terbiýeçilik, medeni-köpçülik çäreleriniň hatarynda döwlet ders bäsleşigine taýýarlyk hökmünde guraldy. Bäsleşige Türkmen Oba-hojalyk institutynyň, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň, Daşogzuň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Daş [...]

Dowamyny oka
“Salam, mugallym!”

“Salam, mugallym!”

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly bilen öňe barýan diýarymyz baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýar. Şanly baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň çar künjünde dabaraly çäreler, ylmy-amaly maslahatlar, bäsleşikler geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri ýaňy-ýakynda biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde “Salam, mugallym” ady bilen geçirildi. Mekdebimiziň ikinji ýyl talyplarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşik mugallymçylyk dünýäsine gadam basmaga taýynlanýan talyplar üçin aýratyn tejribe ähmiýetine eýe boldy.Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylar sapagyň üç sany döwrüni: guramaçylyk döwrüni, täze temany düşündirmek, sapagy jemlemek döwürlerini geçip görkezmelidi. Munuň üçin talyplara jemi 20 minut wagt berildi. Mugallymçylyk mekdebinde hereket edýän alty sany usuly birleşmäniň adyndan alty sany talyp çykyş etdi. Çykyşyň dowamynda her talyp öz saýlap alan temasyna laýyklykda taýýarlan sapak ýazgysyndan, prezentasiýalaryndan peýdalanyp sapak geçdiler.Bäsleşik diýseň çekeleşikli geçdi. Talyplar nazaryýetde öwrenen bilimlerini amal etmek üçin berk taýýarlyk gö [...]

Dowamyny oka
Täsirli geçirilen bäsleşik

Täsirli geçirilen bäsleşik

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň sport eýwanynda talyp oglanlaryň we gyzlaryň arasynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.Bäsleşik Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň  talyp ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny aýdyň görkezdi. Bäsleşikde Mugallymçylyk mekdebiniň talyp oglanlaryndan we gyzlaryndan düzülen toparlar özara güýç synanyşdylar.Netijede, ýaryşyň jemleri boýunça oglanlaryň arasynda  303-nji toparyň talyby Döwlet Rejepow I orny, 203-nji toparyň talyby Baýram Baýramow II orny, 312-nji toparyň talyby Mekan Kömekow III orny eýelediler. Gyzlaryň arasynda  310-njy toparyň talyby Aýgül Duşemowa I orny, 315-nji toparyň talyby Täşjan Arazowa II orny, 311-nji toparyň talyby Gurbansoltan Işanowa III orny eýelediler. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplara Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň hormat hatlary gowşuryldy.                    & [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09