“Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy” atly diktant bäsleşigi

“Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy” atly diktant bäsleşigi

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde türkmen dili we edebiýaty  hepdeligiň çäklerinde 2024-nji ýylyň mar aýynyň 14-ine 1-2-nji ýyllyk talyplarynyň arasynda geçirilen “Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy” atly diktant bäsleşigi geçrildi.1-2-nji ýyllyk talyplaryň arasynda geçirilen bäsleşige 15 talyp gatnaşdylar. Şu aşakdaky talyplar emin agzalary tarapyndan bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan edildi : 1. Täjibaýewa Narjan                             106–njy toparyň talyby             I orun2. Bekdurdyýewa Gülşirin                      107–nji toparyň talyby.             II orun.3. Mätmuradowa Aýgül                         210-njy toparyň talyby.            II  orun.4. Goşaýewa Uzukjemal                        109–njy toparyň talyby              [...]

Dowamyny oka
Bahar pasly baýramlaryň paslydyr

Bahar pasly baýramlaryň paslydyr

Bahar gelip, ýere ýyly girmegi bilen daş töwerek janlanyp,  ýaşyl begrese bürenýär, daragtlar pyntyk ýaryp, ýaşaýyş bir mertebe galkynýar. Tebigatyň bu ajaýyp pursatlarynda zähmete hyjuwly babadaýhanlar ekin meýdanlaryna çykyp, bol hasylyň düýbini tutmaga girişýärler. Pasyllaryň iň zyýady hasaplanylýan baharyň şeýle ajaýyp günleri özüniň arassa, tenekar howasy bilen adamlarda zähmete bolan hyjuwy döredip, watana söýgini has-da artdyrýar. Synlanyňda gözüňi gözellikler bilen gandyrýan türkmen tebigatynyň soňsuz täsinliklerini söz bilen beýan edip bilmek örän çökder gelýär.Günüň nuruna eýlenen täsin tebigatyň ýazda üýtgeşik görnüşe eýe bolşy ýaly, ynsanlar-da baharda geň duýgularyň girdabyna düşýärler. Garlary eredip, bulaklary döreden bahar pasly öz gözelligini bütin zemine paýlaýar. Ähli pasyllaryň hem özboluşly gözelligi, aýratyn öwüşgini bar. Ýöne bahar paslynyň gözellegine taý geljek gözellik ýokdur. Guşlaryň hoş owazly nagmalary her gün saba säheri ukudan oýarýar. Çisňäp ýagýan ýagyş damjalary goja zemine rysgal- [...]

Dowamyny oka
Huş (Tymsal)

Huş (Tymsal)

Dag eteginde ýaşaýan goja alys obadaky, özündenem dört-bäş ýaş uly daýzasynyň soňky wagtlar juda ruhdan düşüp, halynyň pese gaçyp barýandygyny eşidip, onuň ýanyna gidýär. Uzak ýoly söküp baran goja daýzasyny tanamajak bolýar. Soňky gezek görşenlerine kän wagt geçmedigem bolsa, zenanyň ýüz keşbi göz-görtele solupdyr, gözleriniň nury öçen ýaly bolupdyr. Bu ýagdaýy görüp, onuň näme derde uçrandygy bilen gyzyklanýar.Meniň derdim — gussa — diýip, kempir uludan demini alýar. — Sebäbi uzakly günümi ýaşlygymy, aýna seredenimde gören gözel görkümi, daýyň pahyr ýanymdaka özümi dagdan arkaly saýan döwürlerimi ýatlap geçirýän. Onsoň şolaryň hiç biriniň yzyna dolanmajakdygy hakda pikirlenenimde gözüme ýaş aýlanýar.Kempiriň damagy dolup, bir pursat sesini çykarman oturýar. Soňam gözýetime çenli ak gara bürenip ýatan meýdana ýaşly didelerini dikip oturyşyna uludan demini alyp, ýegenine ýüzlenýär.Aslynda, ýatlamalar, huş diýen zat adama nä¬me üçin berildikä? Olardan adama peýda-ha ý [...]

Dowamyny oka
Bilim – kämilligiň berk binýady

Bilim – kämilligiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň hatarynda ylym-bilim özgertmeleri aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ulgamda amala aşyrylýan beýik işler, ägirt uly özgertmeler röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.Ylymdyr bilimiň durmuşymyzdaky wajyp ornuna uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesillerimiziň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmekleriniň derwaýysdygyny nygtap, möhüm wezipeleri öňe sürýär. Ýaşlara ylym we bilim, edep-terbiýe bermekde pederlerimizden miras galan el işlerimizi, dürli hünärleri öwretmäge, milliligimize, däp-dessurlarymyza hormaty, sarpany, söýgini terbiýelemäge gönükdirilen ajaýyp şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýär.Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym, bilim almagyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem batly depginler bilen alnyp barylýar. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09