Gyz edebi
Halkymyz gyz çagasyny aýratyn mähir bilen gurşap alýar. Olary ähli taraplaýyn gorap saklaýar. Ene-mamalarmyz gyzlaryna mynasyp zähmet terbiýesini berip, olaryň eli hünärli bolmagyna aýratyn üns berýär. Zandynda zähmet terbiýesi bolan gyz-gelinler durmuşyň islendik synagyndan ugur tapyp belmegi başarýarlar. Halkymyz: «Gyzym bar — gyýmazym bar», «Gyzly öý — gyzylly öý» diýip, gyzyny aýratyn söýüp, apalaýar. Geljekde agzybir maşgalanyň eýesi bolmaly, ömürlere dowam bermeli gyzlary belent ruhda, kämil düşünjeli edip terbiýelemek eneleriň-ejeleriň, şol bir wagtyň özünde mugallymlaryň hem mukaddes borjy bolup durýar. Durmuşda maşgala agzybirligini saklamak esasy aýal maşgala bagly bolýar. Aýal zähmete gaýym eli hünärli, elinden, dilinden ballar dökülüp duran bolsa onuň baran ýerinde sarpasy hemişe belent tutulýar.Ene-mamalarmyz gadymy döwürlerden bäri gyzlaryna gaýynlaryny söýmegi, söwer ýaryny sylamagy, baran öýüne wepaly bolup, olaryň ody bilen girip, küli bilen çykmagy ündäpdirler. Gyz maşgalasyny söýýän, ony gözüniň göreji ýaly gorap saklaýan halkymyz gerek ýerinde [...]
Dowamyny oka