180 dereje öwrülip bilýän dünýädäki ilkinji suwasty gämi

180 dereje öwrülip bilýän dünýädäki ilkinji suwasty gämi

Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän “Highland Systems” kompaniýasy geçen ýyl “NAVDEX” Deňiz Goranyş ýarmarkasynda “Kronos” atly gidrodinamiki örtükli suwasty gämi modeli bilen ilkinji gezek tanyşdyrdy.“Highland Systems” kompaniýasy ilkibaşda suwasty abatlaýyş işleri we kaşaň syýahat çäreleri üçin suwasty ulaglary döretdi. Şeýle-de bolsa, kompaniýanyň esaslandyryjysy we baş dizaýneri Aleksandr Kuznetsow soňabaka harby operasiýalar üçin suwasty gämileri hem dizaýn etmäge başlady.“Kronos” suwasty gämisi radar ulgamlaryna görünmezlik üçin ýörite material bilen örtülen polat korpus bilen üpjün edilen. Suwasty gämä 10 ýolagçyny rahat ýerleşýär. Suwda 3000 kilograma çenli ýüki göterip bilýän “Kronos”-yň boş agramy takmynan 10,000 kilograma deňdir. “Kronos” suwuň üstünde sagatda 80 kilometr tizlige ýetip bilýär. Onuň suwasty tizligi sagatda 50 kilometre deňdir. 100 metr çuňlukda hereket edip bilýän “Kronos”, iň ýokary kritiki çuňluga ýagny 250 metre çenli ýetip bilýär.Dizel ýangyjy ýa-da batareýa bilen gibrid režimde işläp bilýän “Kronos”, doly zarýad berlende batareýa bilen 18 sagat işläp [...]

Dowamyny oka
Bilim ulgamynda sanly özgertmeler

Bilim ulgamynda sanly özgertmeler

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň, Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna deňleşdirmegiň nusgalyk ýörelgesine eýerýär. Bu babatda amala aşyrylýan giň gerimli işler ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ykdysadyýeti dolandyrmagy kämilleşdirmek çäreleri bilen utgaşdyrylýar. Öňde goýlan belent maksatlara abraý bilen ýetmekde sanly ulgamy kämilleşdirmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şeýle wajyp işiň düýp binýady orta mekdeplerde tutulyp, ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde dowam etdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetini başarnykly we taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek ýaly il-ýurt bähbitli wajyp wezipe bilen şertlendirilendir. Şol sebäpli ýurdumyzda ylym-bilim uglamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, dünýä tejribesinden ugur alyp, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça işler giň gerimde alnyp barylýar. Ol işler bolsa «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýaýbaňlandyrylýar. Bu resminamanyň maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşlerine laý [...]

Dowamyny oka
Alymlar suwa çümmegiň iň howpsuz usulyny tapdylar

Alymlar suwa çümmegiň iň howpsuz usulyny tapdylar

Kornell uniwersitetiniň alymlary howpsuz suwa çümmegiň formulasyny işläp düzdüler.Kelle bilen öňe tarap, eller bilen öňe tarap we aýaklaryň bilen öňe tarap çümmegiň täsirini ölçemek bilen, gözleg awtorlary matematiki nusga aldylar. Bu nusga, öwrenjelerde oňurga ýiliginiň we boýnuň şikeslenmeleriniň, 8 metrden gowrak aralykdan kelle bilen öňe tarap çümmek wagtynda ýüze çykýandygyny görkezdi. Şol bir wagtyň özünde, takmynan 12 metr beýiklikden eller bilen öňe tarap çümmelerde, süňküň şikeslenmegi, 15 metrden gowrak aýaklar bilen öňe tarap çümülende dyz şikesleri has köp bolýar.Umuman aýdylanda, beýik aralykdan aýaklaryňyz bilen suwa bökmek has gowudyr.Halmuradowa Leýli Halmuradowna,Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.Salgy: newasgabat.com [...]

Dowamyny oka
Eli işliniň rysgaly güýçli

Eli işliniň rysgaly güýçli

Häzirki döwrümizde gadymdan galan milli nusgalarymyza berilýän üns barha artýar we olar içgin öwrenilýär. Milli nusgalarymyz milli medeniýetimiziň kökleri bolup, her bir türkmen maşgalasynda ýaşaýyş-durmuş üçin zerur zatlaryň köpüsi el işleri bilen amala aşyrylypdyr. Türkmen maşgalasy, türkmen ojagy diýlende, öýüň törüni bezeýän türkmen haly-palasyndan, keçesinden başlap, tä çaýhaltasyna çenli sünnälenip, aýratyn yhlas bilen bezeg berlip taýýarlanylan öý goşlary göz öňünde janlanýar. Bu ajaýyplyklar uz barmakly çeper ellerden dörän nepislikler bolup, türkmen zenanlarynyň kalbynyň aýnasy, ýüzüniň tuwagy hasaplanýar. Bu gaýtalanmaýan milli nusgalarymyz ene-mamalarymyzyň, gelingyzlarymyzyň yhlas-söýgüsinden, ýürek arzuwyndan, erjelliginden kemala gelipdir. Ussatlygy talap edýän bu iş örän çeperçilik bilen ýerine ýetirilýär. Sünnälenip edilen haýsydyr bir iş görlende hem «Edil keşde çekilen ýaly» diýilýär. Şeýle-de bu müdimi senedi ene-mamalarymyz nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize çenli ýetiripdirler. Türkmen zenany ata-babalarymyzyň mizemez ynanjyna öwrülen, ak öýleriň ýaraş [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09