Şir ýürekli türkmen alabaýlaryň taryhyndan

Şir ýürekli türkmen alabaýlaryň taryhyndan

Türkmenistandaky gadymy Altyndepe galasynda geçirilen gazuw-agtaryş  işlerinde toýunsow palçykdan bişirilip ýasalan itiň heýkeli hem-de häzirki zaman orta aziýa aw itlerini ýatladýan äň süňkleri äpet uzyn  we kellesi çüri läheň  jandaryň gatap giden galyndysy tapyldy. Alabaý – itiň daşky görnüşinden, ýagny gara – alalygyndan habar berýär. Onuň gülgünräk açyk sary ýa-da goňrumtyl reňki çöl tebigatynyň esasy öwüşgünlerine doly laýyk gelýär. Garagumda dowar bakýan çopanlar mal sürülerini gorap saklamakda örän gadymyýetden bäri bu dogumly, äpet göwreli köpekleriň kömeginden peýdalanypdyrlar. Olar, esasan, mallary ýyrtyjy haýwanlardan goraýar. Garagumuň ýowuz tebigatynyň gazaply şertleri, şonuň ýaly hem ýerli itşynaslaryň emeli ýol bilen tohumlary çaknyşdyrmakda alyp baran dynuwsyz işleri ahyrky netijede itleriň başga hiç bir görnüşleri bilen garyşmaýan, häsiýeti boýunça gaýduwsyz, şir ýürekli türkmen köpekleriniň döremegine getiripdir.Ýakubowa Dursunaý,Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.Salgy: newashgabat.com [...]

Dowamyny oka
Pagta önümçiliginiň dünýä ykdysadyýetindäki orny

Pagta önümçiliginiň dünýä ykdysadyýetindäki orny

Maýa goýujylar tarapyndan ak altyn hökmünde häsiýetlendirilýän pagtanyň 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda bir funtynyň bahasy 1 dollar 14 sente barabar boldy. Pagtanyň bahasy 2021-nji ýylyň soňky hepdesinde 4,8% ösüş bilen iň köp girdeji getiren önüm boldy we bilermenler pagta bolan ýokary islegiň dowam edýändigini, önümçiligiň peselmeginiň ähtimallygy we eksportyň artmagynyň bu önümiň bahalarynyň ýokarlanmagyna sebäp boljakygyny aýtdylar.Pagtanyň bahasynda bu görkeziji geçen 10 ýylyň iň ýokary derejesi bolup, ol egin-eşik pudagynda önümçilik çykdajylarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolar diýlip çaklanylýar.Pagta bütin dünýäde möhüm girdejili önüm we iş çeşmesidir. Goşmaça gymmaty sebäpli pagta senagaty esasanam ösýän ýurtlarda möhüm orny eýeleýär. Pagta takmynan 100 ýurtda 32 million gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirilýär. Soňky 60 ýylyň dowamynda ekin meýdanynda hiç hili üýtgeşiklik bolmasa-da, ekilen gektardan alynýan hasyl ýokarlanýar.Pagta dünýäde öndürilýän süýümleriň takmynan 35%-ni üpjün edýär we dokma pudagynda ulanylýan iň mö [...]

Dowamyny oka
Iň gadymy şäherler

Iň gadymy şäherler

Dünýädäki her bir şäheriñ özboluşly taryhy bardyr. Olaryñ käbiriniñ düýbüniñ tutulanyna birnäçe ýyl geçen bolsa, käbirleriniñ asyrlaboýy dowam edip gelýän taryhy bar. Ýöne welin müňlerçe ýyl mundan ozal döredilip, biziň döwrümize ýetip gelen şäherler adamzady özüne haýran edýär. Beýle şäherler dünýäni boýun egdiren basybalyjylaryň, hiç hili merhemeti bilmeýän tebigy betbagtçylyklaryñ garşysynda sarsman ösüşini dowam edip gelýärler. Geliñ şeýle şäherleriň birnäçesi bilen tanyş bolalyñ.Benares – Hindistandaky iň gadymy şäher bolup, onuñ taryhy biziň eýýamymyzdan öñki XI asyrdan öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Şäheriñ iñ esasy aýratynlyklarynyñ biri hem häzirki wagtda iñ gadymy din bolan induizm dininiñ dörän ýeri bolmagydyr. Her ýyl müñlerçe adam bu şähere zyýarata gelýär.Plowdiw – Bolgariýada ýerleşip, ýurtdaky ikinji uly şäherdir. Şäheriñ Nebet depe taryhy ýadygärliginden tapylan tapyndylar onuñ taryhynyň biziň eýýamymyzdan öñki 4000-nji ýyllara degişlidigini görkezdi. Bu gadymy şäher taryhda Frakiýalylaryñ, Parslaryñ, Makedonlaryñ we Osmanlylaryñ ähmiýetli daýanç nokady bolup hyzmat edipdir.Afiny – Gresiýanyñ [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09