Baş Kanunymyz Ösüşiň we rowaçlygyň ýol-ýörelgesi!
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde “Baş Kanunymyz Ösüşiň we rowaçlygyň ýol-ýörelgesi!” atly geçirilen aýdym-sazly dabaraly çäreAsuda asmanda, dünýä belentliginde buýsançly parlaýan ýaşyl Tugumyz diňe bir halkymyzyň asyrlar boýy eden arzuwlarymyzyň amala aşmagy däl eýsem, ähli milli mukaddesliklerimizi alamatlandyrýar. Döwlet Baýdagymyzyň öňünde baş egmek, Döwlet Tugumyza buýsanmak we Döwlet senamyzy höwes bilen ýerine ýetirmek ýaly mukaddes işler mähriban Watanymyzyň hem-de onuň azatlygy ugrunda baş goýan gahryman ata-babalarymyzyň öňünde baş egmegimiziň nyşanydyr. Çünki merdana halkymyz hemişe şunuň ýaly kuwwatly döredijilik güýjüne berk ynanýar. Baş Kanunymyz milletimiziň beýik watansöýüjiligini ahlaklylygyny we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli ýaşaýşynyň, ruhy-medeni däp-dessurlarynyň ykrar edilmegidir. Baýramçylyk mynasybetli ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň dabaralar eýwanynda Tü [...]
Dowamyny oka