Nesil terbiýesinde çeper eserleriň orny

Nesil terbiýesinde çeper eserleriň orny

Häzirki wagtda bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesli terbiýelemegiň dürli ugurlaryndan peýdalanylýar. Biz – geljekki mugallymlar bular dogrusynda okuw sapaklarymyzda giňişleýin öwrenýäris. Olar pedagogik usullary we döwrüň talaby bilen sazlaşdyrlyp alnyp barylýar. Çaga terbiýelemekde şeýle usullaryň biri-de çagalary çeper eserler bilen tanyşdyrmakdyr.Perzent terbiýesinde bu usul, bir tarapdan, çagalara berilýän terbiýäniň hil derejesini ýokarlandyrsa, ikinji bir tarapdan, olaryň bilim derejesini, ösdürýär, sowatlylygyny artdyrýar. Çeper eserler çagalaryň gözýetimini giňeldýär, adamkärçilik duýgularyny oýarýar, dogry  pikirlenmegi terbiýeleýär. Eseriň gahrymanynyň şahsyýetiniň içki dünýäsine gyzyklanma döredýär. Şeýle-de çagalaryň sözleýiş endiklerini, pikirleniş işjeňligini güýçlendirýär, söz gorlaryny artdyryp, dil baýlygynyň kämil bolmagyna getirýär. Çeper eserler bilen çagalaryň tanyşdyrylmagy, mazmunynyň sada we düşnükli dilde gürrüň berilmegi çagalaryň gözellik we ahlak duýgularynyň, sözleýiş endikleriniň, ýatkeşliginiň pugtalanmagynda öz oňyn taraplaryny ýüze çykarýar.Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde halk döredijiligi hem esasy çeşme bolup [...]

Dowamyny oka
“Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy”

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy”

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjyndan ugur alnyp, 1-30-njy sentýabr aralygynda ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga badalga berildi. Ynha Ýurdumyzda ýollaryň täze görnüşleriniň peýda bolmagy, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulaşmagy netijesinde hususy ulaglaryň köpelýändigi göz öňünde tutulyp, ýol herketiniň kadalaryna berilýän üns has hem berkeýär. Ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde “Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edeliň” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar.    Çärede Daşoguz şäher kazyýetiniň adminstratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy Enwer Bagtyýarow, Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy Ruslan Allabergenow, Daşoguz şäher Ýaşlar guramasynyň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Jennet Gulmyradowa, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Sylap Atabaýew dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda köçe-ýol hereketine diňe bir sürüjiler däl-de, eýsem pyýadalar hem gatnaşýarlar. Şeýle ýagdaýda her birimiz [...]

Dowamyny oka
Ady dünýä dolan dana Pyragy

Ady dünýä dolan dana Pyragy

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge, olaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga, ýagşy bilen ýamany tapawutlandyryp, ýaşlarda ynsanyň gowy häsiýetlerine söýgi döretmäge itergi berýän nusgalyk şygyrlar eriş-argaçdyr. Hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip belleýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy nukdaýnazardan öwrenmäge, okyjylar köpçüligine ýetirmäge giň ýol açyldy. Muňa soňky gazanylanlar hökmünde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegini, hormatly Prezidentimiziň BMG­niň Baş Assambleýasynyň 78­-nji mejlisinde Magtymguly Pyragynyň goşgusyny okamagyny, Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda şahyryň döredijiliginiň ähmiýetini nygtamagyny, şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp ensiklopediýanyň taýýarlanylmagyny görkezmek bolar.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň, «Magtymguly Pyragy» medalynyň bolmagy şahyryň adynyň [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09