Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasy
Magtymguly Pyragy öz ady we öçmez-ýitmez döredijiligi bilen eýýäm üç asyr bäri türkmen halkynyň şan-şöhratyny dabaralandyryp gelýär. Çünki Magtymguly ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek bilen, adamlaryň kalbynda hemişelik orun aldy, durmuşdaky ýagşy-ýamany ýalňyşsyz kesgitleýän ýolgörkeziji hökmünde hakydasyna berk ornady we türkmen ruhunyň öçmejek çyragyna öwrüldi.Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Onuň geljege gönükdirilen ajaýyp goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmaty agzybirlik ugrunda göreşmegidir we eserlerinde agzalalygy ýazgarmagydyr. Wagt berkarar döwleti arzuwlan şahyryň belent taglymynyň dogrudygyny subut etdi. Häzirki wagtda Magtymgulynyň arzuw eden bagtyýar geljegi hakykata öwrüldi. Bu gün Garaşsyz, baky [...]
Dowamyny oka