ATA SALYH (1908-1964)

ATA SALYH (1908-1964)

Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyh 1908-nji ýylda Mary oblastynyň Murgap raýonynyň Şordepe obasynda garyp daýhan maşgalasynda eneden bolýar. Üç ýaşyny doldurmanka gözagyry keselinden göreçleri şikes tapýar we ol göreçlerinden mahrum bolýar.Ata Salyh ýaşlykda düşbi, zehinli, bilesigeliji bolup gürrüňçi hem dessançy ýaşulularyň, ertekiçi mamalaryň gürrüňlerini diňläpdir. Halk arasynda giňden ýaýran “Görogly” eposy, Keýmir kör, Aldar Köse, Esen Polat, Myraly, Japbaklar hakyndaky ýiti şorta sözler, legendalar hem rowaýatlar şahyryň aň-düşünjesiniň ösmegine dünýägaraýşynyň terbiýelenmegine täsir edipdir.Ata Salyh 11-12 ýaşlarynda goşgy düzüp başlaýar. Döredijilik işinde Ata Salyhyň hakyky mugallymlary Körmolla hem Mollamurt bolupdyr.Şahyryň ilkinji goşgusy 1931-nji ýylda Maryda çykýan “Täze oba” gazetinde çap edilýär. Şahyr “Tokmak” žurnalynda hem-de “Sowet Türkmenistany” gazetiniň ýörite habarçysy bolýar.Döredijilik işinde gazanýan üstünlikleri üçin A.Salyh 1934-nji ýylda SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzalagyna kabul edilýär. A.Salyh gözsüzligine garaman sowet [...]

Dowamyny oka
Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasy

Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasy

Magtymguly Pyragy öz ady we öçmez-ýitmez döredijiligi bilen eýýäm üç asyr bäri türkmen halkynyň şan-şöhratyny dabaralandyryp gelýär. Çünki Magtymguly ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek bilen, adamlaryň kalbynda hemişelik orun aldy, durmuşdaky ýagşy-ýamany ýalňyşsyz kesgitleýän ýolgörkeziji hökmünde hakydasyna berk ornady we türkmen ruhunyň öçmejek çyragyna öwrüldi.Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Onuň geljege gönükdirilen ajaýyp goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmaty agzybirlik ugrunda göreşmegidir we eserlerinde agzalalygy ýazgarmagydyr. Wagt berkarar döwleti arzuwlan şahyryň belent taglymynyň dogrudygyny subut etdi. Häzirki wagtda Magtymgulynyň arzuw eden bagtyýar geljegi hakykata öwrüldi. Bu gün Garaşsyz, baky [...]

Dowamyny oka
Baş baýramymyz — göwünleriň tugy

Baş baýramymyz — göwünleriň tugy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her güni şanly senelere, taryhy wakalara, uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Ynha, şu günler agzybir türkmen halky zähmet üstünlikleri bilen ýene bir şanly senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny baýram etmäge uludan taýýarlyk görýär.Ýurdumyzyň özygtyýarlylygy halkymyzyň bagtyýarlygynyň, röwşen ertirlere bolan beýik ynamynyň beýanydyr. Çünki Garaşsyzlyk — halkymyzyň erkinliginiň, parahatçylygynyň mukamydyr, ykbalynyň göterilmesidir, şan-şöhratynyň dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk ýyllarynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde beslän arzuw-umytlary täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy.Garaşsyzlyk güni özygtyýarly ösüşiň täze taryhy döwründe ýurdumyzyň geçen şöhratly ýoluny äşgär edýän beýik baýramçylykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň sargyt edişi ýaly, biz geçen taryhy ýolumyza buýsanmaga doly haklydyrys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda amala aşyrylýan işler hem-de gazanylýan üstünlikler ulus-ilimiziň kalbynda öz halkyna we ajaýyp Watanyna buýsanç duýgularyny döredýär.Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli dö [...]

Dowamyny oka
Külli türkmeniň nesihatçysy

Külli türkmeniň nesihatçysy

Magtymguly Pyragy diňe bir türkmeniň milli şahyry bolman, eýsem, ol dünýä edebiýatyna ummasyz goşant goşan beýik akyldardyr. Akyldaryň döredijiligini dünýä edebiýatyndan, türki halklaryň gadymy edebi däplerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl, çünki şahyr hemişe özünden öňki ägirtleriň döredijiligini içgin öwrenipdir we olaryň öňe sürýän ynsanperwer ýörelgelerini öz eserlerinde döredijilikli ulanyp, ölmez-ýitmez eserleri döredipdir.Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şygryýetiň almaz täjine eýe bolandyr. Türkmeniň ruhy sütüniniň öwüşgini Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkymyzyň kalbynyň owazydyr. Söz äleminiň zergäri akyldar şahyryň edebi mirasy, ýiti pähim-paýhasy, belent mertebesi, ruhy baýlygy, dil aýratynlygy, pikir ummany, tapylgysyz hazynadyr. Söz ussadynyň her bir setiri türkmeniň kalbynda ebedilik ornaşyp, asly nurdan bolan milletimize geljegiň aýdyň ýoluny salgy berýär.Akyldar  şahyrymyzyň miras galdyran goşgularynyň, öwüt-nesihatlarynyň, edep-terbiýe hakyndaky pelsepeleriniň biziň üçin uly mekdep bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine düşünmäge, [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09