Ýer ýüzüni aýlanan küýze

Ýer ýüzüni aýlanan küýze

2014-nji ýylda Şotlandiýada tapylan küýzäniň Günbatar Aziýa degişlidigi we Ýer ýüzüniň ýarysyny aýlanandygy anyklandy. Şotlandiýanyň milli muzeýinde saklanýan wikingler döwründen galan Galloweý hazynasynyň bir bölegi bolan gabyň Sasanylar döwründe ýasalandygy anyklan¬dy. Galloweý hazynasy diýlip atlandyrylýan taryhy eser 2014-nji ýylda metal gözleýji bilen geçirilen gözlegiň netijesinde tapylypdy. 2017-nji ýylda bu gymmat bahaly taryhy eseri Şotlandiýanyň Milli muzeýi satyn alypdy. Geçirilen soňky barlaglarda kümüş gabyň Günbatar Aziýa degişlidigi, onuň ýüzündäki nagyşlarda täjiň, oduň, geçigaplaňyň we gaplaňyň şekilleriniň bardygy ýüze çykaryldy. Nagyşlaryň zoroastrizm bilen baglydygy bellenildi. Gabyň ýüzündäki bir şekil Sasanylaryň pulunda hem gabat gelýär. Şekilde otdan çykyp duran täç bar.Galloweý hazynasy «Britaniýada asyryň taryhy tapyndysy» diýlip atlandyrylypdy. Bu gymmatly eser «Galloway Hoard: Viking-age Treasure» ady bilen geçiriljek sergiler arkaly dürli muzeýlerde we galereýalarda köpçülige görkeziler.Nurtäç HALMYRADOWA, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. [...]

Dowamyny oka
Innowasiýa ykdysadyýeti we startap-ekoulgamy ösdürmek boýunça maslahat geçirildi

Innowasiýa ykdysadyýeti we startap-ekoulgamy ösdürmek boýunça maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde “Innowasiýa ykdysadyýeti we startap-ekoulgam” atly tegelek stol geçirdi. Bu çäre Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň çäklerinde geçirildi. Milli Liderimiz öz çykyşynda ylmyň we innowasiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça häzirki zaman bilim edaralaryny we tehnologiýa merkezlerini döretmegiň, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim we önümçilik arabaglanşygyny berkitmegiň netijeli usulyýetini işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtady.Tegelek stola ýokary we orta hünär bilim edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler bileleşiginiň agzalary gatnaşdy. Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy maksady startap-ekoulgamy we innowasiýa ykdysadyýetini ösdürmek, şeýle hem zähmet bazarynyň häzirki zerurlyklaryny göz öňünde tutup bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmek boldy. Talyplaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we ylmyň, bilimiň we önümçiligiň üstünlikli birleşmegi üçin şert döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. “Dördünji senagat rewolýusiýasy” we emeli aňyň ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna ornaşmagy bilen baglanyşykly kynçylyklara aýratyn üns berildi.  [...]

Dowamyny oka
Kämil bilim - röwşen ertirleriň açary

Kämil bilim - röwşen ertirleriň açary

Her bir güni beýik ösüşlere, täze özgertmelere beslenýän gözel Diýarymyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatda hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyz:”Häzirki zaman jemgyýetinde hakyky gymmatlyklarynyň baýlyklarda dälde, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini gökezýär” diýip belleýär. Bu bolsa bilim ulgamyny dolandyrmagyň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanşykly täze wezipeleriň ýüze çykýandygy bilen şertlenendir. Döwletimizde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09