Emeli aň boýunça webinar: Türkmenistanyň bilim ulgamynda täze tehnologiýalary ornaşdyrylýar

Emeli aň boýunça webinar: Türkmenistanyň bilim ulgamynda täze tehnologiýalary ornaşdyrylýar

2024-nji ýylyň 25-nji noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen "Akylly hyzmat" hojalyk jemgyýetiniň bilelikdäki “Emeli aňy bilim ulgamynda netijeli peýdalanmak” atly 12 sagatlyk onlaýn webinar geçirildi. Bu innowasion çäre iki hepdäniň dowamynda ýurdymyzyň 160-dan gowrak orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlaryny, hünärmenlerini we ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.Webinaryň esasy maksady bilim ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmagyň täze tehnologiýalary we usullary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy Maksat Gurbansähedow we “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň wekililleri Begenç Çaryýewiň hem-de Seýdi Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky okuw sapaklarynda halkara tejribeler we öňdebaryjy çözgütler görkezildyrmakdi. Gatnaşyjylara okuw işini sanlylaş, mugallymlara goldaw bermek hem-de talyplaryň ukyplaryny seljermek boýunça emeli aňyň mümkinçilikleri düşündirildi. Şeýle hem, emeli aňy ulanmagyň hukuk esaslary we onuň standart ülňüleri düşündirildi.Webinarda öňdebaryjy emeli aň platformalary boýunça halkara tejribe, maglumat toplamak, analiz etmek we çözgüt çykarmak üçin emeli aňy peýdalanmagyň usullary görkezildi. [...]

Dowamyny oka
Milanyň Montenapoleone köçesi kärende tölegi boýunça dünýäde iň gymmat köçe

Milanyň Montenapoleone köçesi kärende tölegi boýunça dünýäde iň gymmat köçe

Milanyň Montenapoleone köçesi kärende tölegi boýunça dünýäde iň gymmat köçe boldy. Bu barada «Cushman & Wakefield» amerikan kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda aýdylýandygyny TASS habar berýär.Milanyň bu köçesi ilkinji gezek Nýu­Ýorkdaky we  Londondaky esasy bäsdeşlerinden — Bäşinji awenýudan we Nýu­Bond stritden öňe geçip, dünýäniň iň gymmat söwda köçeleriniň  reýtinginde birinji orny eýeledi. Montenapoleonede kärende üçin iň ýokary töleg bir ýylda 11 göterim ýokarlanyp, her inedördül metr üçin 20 müň ýewro ýetdi.34 ýylda ilkinji gezek reýtingde birinji orny Ýewropanyň köçesi eýeledi.2023­nji ýylda bu ýerde täze «Chanel» we «Gucci» dükanlary açyldy. «Gucci» we «Alexander McQueen» ýaly brendlere eýelik edýän «Keringlýuks» kompaniýalar topary bu köçedäki söwda binasy üçin 1,3 milliard ýewro töledi, bu hem soňky iki ýylda Ýewropada gozgalmaýan emläk boýunça iň uly şertnama boldy. Hünärmenler köçäniň gysgalygynyň onuň özüne çekijiligini ýokarlandyrýandygyny belleýärler.Taýýarlan: Aýjemal DURDYÝEWA,Beki Seý [...]

Dowamyny oka
Bitaraplyk — bagtymyz

Bitaraplyk — bagtymyz

Türkmenistan özüniň baky Bitaraplyk ýoluny halkara derejesinde durmuşa geçirmekde dünýä ösüşiniň mizemez kadasyndan ugur almak bilen, özünde bar bolan ägirt uly tebigy gorlary, amatly geosyýasy ýerleşişini, saldamly halkara syýasy abraýyny, onuň mümkinçiliklerini dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirýär.Ata Watanymyzyň öňe sürýän başlangyçlary diňe sebitdäki goňşy döwletleriň çäklerinde däl, eýsem, ählumumy derejede dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňelmegine gönükdirilen sebit we ählumumy geosyýasy meseleleri çözmek üçin zerur şertleri döredýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň umumy dünýä ýagdaýlaryna oňyn we hemmetaraplaýyn ölçerilen çemeleşmeleri döwletleriň we halklaryň arasynda düşünişmek, deňhukuklylyk, milli bähbitlere hormat goýmak derejelerini üpjün etmäge ýardam berýär.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen döwleti uly üstünliklere eýe bolýar. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly beýleki ýurtlar [...]

Dowamyny oka
BITARAPLYK, PARAHATLYK BIZIŇ SAÝLAN ÝOLUMYZ

BITARAPLYK, PARAHATLYK BIZIŇ SAÝLAN ÝOLUMYZ

Dünýä nusgalyk derejeTürkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakda, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri BMG-niň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklaryň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýalary kabul etdi. Bu seneler Milletler Birleşiginiň taryhynda hem möhüm [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09