BITARAPLYK, PARAHATLYK BIZIŇ SAÝLAN ÝOLUMYZ

BITARAPLYK, PARAHATLYK BIZIŇ SAÝLAN ÝOLUMYZ

Dünýä nusgalyk derejeTürkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakda, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri BMG-niň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklaryň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýalary kabul etdi. Bu seneler Milletler Birleşiginiň taryhynda hem möhüm [...]

Dowamyny oka
Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» 7 bölümi öz içine alyp, olarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulgamy, konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary kesgitlenendir.Konsepsiýany üç tapgyrda durmuşa geçirmek niýetlenen.Ýagny birinji tapgyryň dowamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edaralary kesgitlemek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly wezipeleri amala aşyrmak boýunça pudagara topary döretmek, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň we ony amala aşyrmagyň çäreleriniň meýilnamasyny tassyklamak, ikinji tapgyrda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem maglumat üpjünçilik ulgamyny ösdürmek, üçünji tapgyrda bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň we usullaryň kämilleşdirilmegini we ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde gazanylan oňyn tejribeleriň esasynda has netijeli taslamalaryň ornaşdyrylmagyny giňden ýaýbaňlandyrmak bilen [...]

Dowamyny oka
SANLY YKDYSADYÝET — DÖWREBAP ÖSÜŞIŇ BINÝADY

SANLY YKDYSADYÝET — DÖWREBAP ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, öňdebaryjy halkara tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ýokary ykdysady netijeler gazanylýar.Sanly ykdysadyýetiň işjeň ösdürilmegi, sanly tehnologiýalaryň ykdysady işe ýokary derejede aralaşmagy hem-de bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün etmek bilen, dünýäniň bazar giňişliginde ýurduň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Ykdysady we durmuş gatnaşyklarynyň täze ulgamynyň depginli ösmegi dünýä senagat önümçiliginde bolup geçen özgerişliklerden oňyn netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Şu nukdaýnazardan, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly esasda ösdürmek boýunça Türkmenistanda badalga berlen işler giň gerimde alnyp barylýar.«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň [...]

Dowamyny oka
«Gymmaty egsilmez, hormat ýagşydyr»

«Gymmaty egsilmez, hormat ýagşydyr»

Durmuşda Magtymguly Pyragynyň dana pikirlerinden, şahyrana setirlerinden mysallara kän ýüzlenýäris. Akyldar şahyrymyzyň birek-biregi sarpalamak, hormatlamak baradaky öwüt-nesihat temasyndaky goşgulary uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedir.Magtymguly Pyragynyň «Söhbet ýagşydyr» atly goşgusyndaky:Göwher daşyn ýüzük etseň mis bile,Gymmaty egsilmez, hormat ýagşydyr —diýen setirlerinde ynsan gatnaşyklarynda birek-biregi hormatlamak barada ündelýär. Şahyryň belleýşi ýaly, hormat-sarpa gymmaty egsilmejek ýagşylykdyr.Durmuşda bir aýby bolmadyk hiç kim ýok. Köneleriň aýdyşy ýaly, aýypsyz dost gözleýän adam dostsuz galar. Aýby-nogsany bolmadyk ýoldaş isleýärmiň... haýsy bir adamyň iň bolmanda bir aýby ýok? Eger-de sen ýalňyşlyklara, sähel säwliklere çydamaýan bolsaň, ownuk büdremeleri uly sesiň bilen ýazgarýan bolsaň, ýekeje ýalňyşlygy hem gözden sypdyrman gezýän bolsaň, onda sen köpçülik içinde ýeke-ýalňyz galarsyň. Öýüňde özüňi keseki ýaly duýarsyň. Onsoň ýola çyksaňam, ýoldaş tapylmaz. Ýylylykdyr mähir isleýän bolsak, biz birek-biregi bagyşlamagy başarmalydyrys. Hemişe hemmeleriň gowy taraplaryny görmegi başarsak, durmuş [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09