Gyz görmegi saçda bor
Gyz maşgalanyň saçynyň örülip, döşüniň iki gapdalyndan goýberilmegi onuň synasyna ýaraşyk berýär. Irki döwürlerde saçlar ýaşyl ýüplük bilen örülipdir. Bu barada «Ýaşyl bilen ýaryşar, ýaşyl saçyma ýaraşar» diýlen aýtgy hem bar. Saçy emaý bilen darap, bir sere çemesi örüp, soňra ýaşyl ýüplügi goşup örüpdirler. Gyz maşgalanyň saçyny arka atmagy aýyp görülýär. Uly gyzlar synasyna gelşik berýän goşa örüm saçlaryny durmuşa çykanlarynda-da yzyna atmagy ýokuş görüpdirler. Milli ýörelgelere görä, gelinler saçyny arkasyna atýarlar. Täze gelniň saçyny arkasyna atmagy üçin ýörite serpaý goýulýar. Sowgat-serpaýy ýetiriläýmese, gelin saçyny eli bilen berk tutup, aňsat-aňsat bermeýär. Bu däp gyzyň gelşik berýän saçlarynyň ýeňsä atylmagyny gaty görüp, öýkelemezligi üçin edilipdir. Şonuň üçin gelne sowgat hökmünde, saçyny bezär ýaly sünnälenip ýasalan kümüş saçlyklar berlipdir. Gelniň saçynyň ýeňsesine atylmagynyň ýene bir sebäbi, ol [...]
Dowamyny oka