MAGTYMGULY - DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Şeýle ajaýyp günlerde hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, özgertmeleri hakynda söhbet etmek örän ýakymlydyr. Esasan hem, milli medeniýetimizi we nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Ynha, ýaňy-ýakynda biziň ählimiz üçin şatlykly, buýsandyryjy wakalaryň biriniň bolandygyny belläsimiz gelýär. Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy örän buýsandyryjydyr. Bu ajaýyp eserde akyldar şahyryň döredijiligi, milli edebiýatyň baý hazynasy hakynda aýdyň beýan edilýär.Türkmen halky şöhratly taryhynda, köp müňýyllyklaryň dowamynda kitaby sarpalapdyr, çuňňur gyzyklanma bilen okapdyr, pähim-paýhasyny kalbyna siňdiripdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň belleýşi ýaly, kitap okanlar manydan dok bolýar, ömürleri manyly menzillere beslenýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş edýän ajaýyp eserleri çuňňur manynyň nusgasydyr. Esasan hem, [...]
Dowamyny oka