Gurnak işini göwnejaý guramagyň usuly
Talyplaryň özbaşdak işlemek başarnyklaryny ösdürmekde, olarda çeper döredijilige bolan höwesi artdyrmakda mugallymlaryň geçirýän gurnak işleriniň uly ähmiýeti bar. Bu işde ders gurnaklarynyň göwnejaý guralmagy talyplaryň gözýetiminiň giňemegine, sapaklara işjeň gatnaşmaklaryna oňaýly täsir edýär.Talyplar mekdebimizdäki edebiýat gurnagyna işeňňir gatnaşýarlar. Gurnakda talyplaryň gyzyklanýan temalary barada gürrüň berýäris. Aýratynda, şygryýete sarpa goýup, çeper döredijilik bilen meşgullanýan talyplar çagalar edebiýaty, goşgy düzülişiniň görnüşleri, çeperçilik serişdeleriniň ulanylyşy, eseriň temasy, onda öňe sürülýän pikirler barada berýän maglumatlarymyzy höwes bilen diňleýärler. Gurnakda şular ýaly söhbetdeşlikleriň geçirilmegi çeper döredijilikde öz ukybyny görkezip başlan talyplaryň döredijilik başarnyklarynyň şowly bolmagyna ýardam edýär.Gurnagyň ýygnanyşyklary aýda bir gezek geçirilýär. Onda gurnagyň agzalary öz ýazan goşgularyny, hekaýalaryny, nutuklaryny okap berýärler. Biz olary diňläp, ara alyp maslahatlaşýarys. Çeper döredijilik bilen meşgullanmaga başlan talyplara käbir maslahatlary bermek, [...]
Dowamyny oka