Ýürek buýsanjy
[...]
Dowamyny okaIş tejribede ýaş mugallymlaryň okuw-terbiýeçilik işini talabalaýyk guramagy üçin olara bildirilýän talaplar anykdyr we olar belli bir kadalara laýykdyr. Mugallymyň şahsy hili – sözleýşi, söz baýlygy bilen hem tapawutlanýar. Hünär medeniýeti (etikasy), ýekebara (aýrabaşga) ýörelgä köp üns bermek, şahsy arassaçylyk (gigiýena) soraglary hem öz wajyplygyny ýitirmeýär. Synpda okatmakda ýüze çykýan kemçilikler ýagny, synpda tertip-düzgün, umumy usuly kemçilikleri düzetmek yzygider işlemekligi talap edýär. Okuwçylaryň şahsy aýratynlygyny bilmeklik uly ähmiýete eýedir. Synpyň içiniň arassalygy we onda goýlan zatlaryň tertipliligi, okuw otagynyň ýagtylygy, şeýle-de, howanyň arassalygy we temperaturasy okuw işiniň geçiriliş ýagdaýyna täsirlidir.Sapaklaryň maksady – bilim berlişiniň düýp mazmunyny anyk açyp görkezmelidir, şeýle-de hil hem mukdar (okuwçylaryň näçesi işjeňlik görkezdiler, näçesi sapagy özleşdirdi we ş.m.) babatda anyk derejeleriň gazanylmagyna eýermelidir. Sapaklaryň dogry kesgitlenilen maksatlaryna ýetilmegi diňe mugallymyň pedagogik ussatlygyna bagly.Pedagogyň interaktiw sapaklardaky işiniň görnüşleriniň artmagy, okuwçylaryň geçilen material hakynda [...]
Dowamyny oka2024-nji ýylyň 25-nji noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen "Akylly hyzmat" hojalyk jemgyýetiniň bilelikdäki “Emeli aňy bilim ulgamynda netijeli peýdalanmak” atly 12 sagatlyk onlaýn webinar geçirildi. Bu innowasion çäre iki hepdäniň dowamynda ýurdymyzyň 160-dan gowrak orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlaryny, hünärmenlerini we ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.Webinaryň esasy maksady bilim ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmagyň täze tehnologiýalary we usullary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy Maksat Gurbansähedow we “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň wekililleri Begenç Çaryýewiň hem-de Seýdi Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky okuw sapaklarynda halkara tejribeler we öňdebaryjy çözgütler görkezildyrmakdi. Gatnaşyjylara okuw işini sanlylaş, mugallymlara goldaw bermek hem-de talyplaryň ukyplaryny seljermek boýunça emeli aňyň mümkinçilikleri düşündirildi. Şeýle hem, emeli aňy ulanmagyň hukuk esaslary we onuň standart ülňüleri düşündirildi.Webinarda öňdebaryjy emeli aň platformalary boýunça halkara tejribe, maglumat toplamak, analiz etmek we çözgüt çykarmak üçin emeli aňy peýdalanmagyň usullary görkezildi. [...]
Dowamyny okaMilanyň Montenapoleone köçesi kärende tölegi boýunça dünýäde iň gymmat köçe boldy. Bu barada «Cushman & Wakefield» amerikan kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda aýdylýandygyny TASS habar berýär.Milanyň bu köçesi ilkinji gezek NýuÝorkdaky we Londondaky esasy bäsdeşlerinden — Bäşinji awenýudan we NýuBond stritden öňe geçip, dünýäniň iň gymmat söwda köçeleriniň reýtinginde birinji orny eýeledi. Montenapoleonede kärende üçin iň ýokary töleg bir ýylda 11 göterim ýokarlanyp, her inedördül metr üçin 20 müň ýewro ýetdi.34 ýylda ilkinji gezek reýtingde birinji orny Ýewropanyň köçesi eýeledi.2023nji ýylda bu ýerde täze «Chanel» we «Gucci» dükanlary açyldy. «Gucci» we «Alexander McQueen» ýaly brendlere eýelik edýän «Keringlýuks» kompaniýalar topary bu köçedäki söwda binasy üçin 1,3 milliard ýewro töledi, bu hem soňky iki ýylda Ýewropada gozgalmaýan emläk boýunça iň uly şertnama boldy. Hünärmenler köçäniň gysgalygynyň onuň özüne çekijiligini ýokarlandyrýandygyny belleýärler.Taýýarlan: Aýjemal DURDYÝEWA,Beki Seý [...]
Dowamyny okaDaşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy