«HAKYDA GÖWHERI» - GEÇMIŞDEN GELJEGE RUHY KÖPRI

«HAKYDA GÖWHERI» - GEÇMIŞDEN GELJEGE RUHY KÖPRI

Gahryman Arkadagymyzyň maddy we ruhy medeni mirasymyzyň, ynsanperwer hem döwletlilik gymmatlyklarymyzyň belent sarpasyna we giň mazmunly edebi-çeper beýanyna öwrülen «Hakyda göwheri» atly täze kitaby türkmen we iňlis dillerinde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent buýsanjynyň çeper beýany bolup durýar.Watanymyz dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepis halylaryň, zergärçiligiň, senetçiligiň, ussaçylygyň gadymy mekanydyr. Bu gadymy toprakda geçmişde milli gymmatlyklaryň gaýtalanmajak nusgalary döredilipdir. Olaryň ebedileşdirilmegi, dünýäde dabaralandyrylmagy milli mirasymyza bolan çäksiz buýsanç duýgusyny oýarýar, halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz täze kitabynyň sahypalarynda: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, [...]

Dowamyny oka
MAGTYMGULY - DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY

MAGTYMGULY - DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Şeýle ajaýyp günlerde hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, özgertmeleri hakynda söhbet etmek örän ýakymlydyr. Esasan hem, milli medeniýetimizi we nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Ynha, ýaňy-ýakynda biziň ählimiz üçin şatlykly, buýsandyryjy wakalaryň biriniň bolandygyny belläsimiz gelýär. Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy örän buýsandyryjydyr. Bu ajaýyp eserde akyldar şahyryň döredijiligi, milli edebiýatyň baý hazynasy hakynda aýdyň beýan edilýär.Türkmen halky şöhratly taryhynda, köp müňýyllyklaryň dowamynda kitaby sarpalapdyr, çuňňur gyzyklanma bilen okapdyr, pähim-paýhasyny kalbyna siňdiripdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň belleýşi ýaly, kitap okanlar manydan dok bolýar, ömürleri manyly menzillere beslenýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş edýän ajaýyp eserleri çuňňur manynyň nusgasydyr. Esasan hem, [...]

Dowamyny oka
Başlangyç synplarda okuw-görkezme esbaplarynyň ähmiýeti

Başlangyç synplarda okuw-görkezme esbaplarynyň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesillere berilýän bilim-terbiýe döwrebap derejede kämilleşdirilýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyna hem aýratyn üns berilmegi, ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.Eziz Watanymyzda bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan netijeli işler parahat ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň aýdyň beýany bolup kalplara ornaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalaryna bolan buýsanjyň goşalanýar.Biz hem bilim işgärleri ýaş nesillere bilim öwretmekde döredijilikli zähmet çekýäris. Başlangyç synplarda sözleri okamagy öwredilýär. Şunda çekimsiz sesler bolan «N» harpyndan başlanýan sözleri multimedia tagtasyna ýazýaryn. Meselem: [...]

Dowamyny oka
Biziň buýsanjymyz

Biziň buýsanjymyz

Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkymyzyň hemrasy bolan ahalteke bedewleri bu gün ýene milletimiziň abraýyny arşa göterip, tugumyzyň al-asmanda parlamagynyň sebäbi boldular.  Uzak Monako knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinden gelip gowşan hoş habar her bir türkmenistanlynyň göwün guşuny ganatlandyrdy.  2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary täze üstünlige – 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga mynasyp boldy. Bu hoş habar mynasybetli ýurdumyzyň çar künjünde toý-baýramlaryň dabaralanýar, hoşallyk maslahatlary geçirilýär.Şeýle aýdym-sazly dabaralaryň biri hem biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde “Behişdi bedewler bilen ak ýollara uzaýandyr Watanymyz, bagtyýar eýýamyň üçin alkyş Size, Gahryman Arkadag, Arkadagly Gahryman Serdarymyz” ady bilen geçirildi. Türkmen edebiýatynda mynasyp orun tutan ahalteke bedewleri dogrusynda mekdebimiziň mugallymdyr talyp ýaşlary täsirli gürrüň etdiler. Dabaranyň ahyrynda türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan minnetdarlyk sözlerini aýtdylar. Umyt Baýramalyýewa, [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09