Türkmen halkynyň terbiýeçilik ýörelgeleri
Aslyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyň öz milli häsiýetine gabat gelýän edep-ekram kadalary bar. Gadymy öwüt-nesihat we terbiýeçilik ulgamynda ýaş nesliň ahlak tebigatyny, wyždan tämizligini, ýürek päkligini kämiüeşdirmäge uly orun berlipdir. Biz munuň şeýledigine türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserini okanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. Bu dürdäne eser perzent terbiýesi, ýaşlary watansöýüji we ýokary ahlakly ynsanlar edip ýetişdirmek bilen bagly halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelen asylly ýörelgelerini özünde jemleýär.Gahryman Arkadagymyz nesil terbiýesi barada «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Geljegimize ynamlylygymyz watançy, akylly-başly oýlanyp bilýän ýaşlarymyza baglydyr diýip belleýär.Megerem, adam ömrüniň iň arzyly we ajaýyp döwri onuň çagalyk ýyllarydyr. Eýsem, çagalyk ýyllary diňe ömrüň beze gi bolandygy üçin däl, şol bir wagtyň özün de şahsyýetiň häsiýetiniň kemala gelýändigi üçin-de ähmiýetlidir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, körpe neslimiziň ulalyp, geljekde ata [...]
Dowamyny oka