Biologiýadan amaly sapaklary geçirmegiň usullary
Zehinli, başarnykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde, olara sapak wagty berilýän nazary bilimler bilen bir hatarda, amaly sapaklaryň hem uly ähmiýeti bar. Amaly sapaklarda okuwçylara bilim we terbiýe bermek onuň usuly taýdan dogry guralmagyna bagly. Umumybilim berýän mekdeplerde okuwçylarda zähmet çekmäge bolan gyzyklanmany we höwesi döretmek möhümdir. Zähmete bolan gyzyklanmany ýaşlaryň arasyndaky ýaryşlar dogry guralanda we zähmet çekmegiň medeniýeti berjaý edilende döretmek mümkin. Okuwçylarda başlan işlerini ahyryna çenli ýerine ýetirmek jogapkärçiligi we zähmete söýgi duýgusy döremese, zähmete işjeň gatnaşygy amal edip bolmaýar. Olarda şeýle duýgyny mekdepde köpçülik bolup işlän wagtlarynda we okuw-tejribe meýdançasynda işlänlerinde döretmek bolar. Usulyýetçi alymlaryň bellemegine görä, okuw-tejribe meýdançasynda işlemek bilen, okuwçylar ikitaraplaýyn (agronomik hem-de pedagogik) bilim alýarlar. Olaryň biologiýa dersi boýunça bilimleri baýlaşýar hem-de ekin ekmegiň we olara ideg etmegiň usullaryny öwrenýärler.Amaly sapaklary geçirmegiň maksady ─ okuwçylara biologik [...]
Dowamyny oka