BILIMIŇ TÄZE BINALARY AÇYLYP ULANYLMAGA BERILDI
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda her ýylyň 1-nji sentýabrynda – Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bilim maksatly binalaryň, ýagny ýokary okuw mekdepleriniň, umumybilim we mekdebe çenli bilim edaralarynyň täze jaýlary açylyp, ulanylmaga berildi. Muňa bilim işgärleriniň buýsanjynyň çägi ýok!Maddy baýlyklar ruhy baýlygy, ruhy baýlyk bolsa maddy baýlygy döredijidir. Şu nukdaýnazardan garalanda, ruhy çeşmä “ýüregi hem damary bolan” bilim ojaklary, olaryň täzelenişi jemgyýetçilik ruhuny täzeleýjidir. Mukaddes Watanyň gujagynda erkana ýaşaýan, okaýan, döredijilige, gurujylyga, asylly zähmete ak arzuwlary bilen gönügýän ýaş neslimiz bagtyýardyr.Häzirki wagtda milli jemgyýetimizde bilime uly sarpa goýulýar, oňa ähli ösüş-özgerişlerimiziň binýady hökmünde garalýar. Muňa şu ýylyň 1-nji sentýabryndaky bilim binalarynyň açylyşlarynyň uly dabaralara beslenendigi hem şaýatlyk edýär. Mysal üçin, Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda 160 orunlyk, Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk, Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň ugrunda 320 orunlyk, Bagtyý [...]
Dowamyny oka