Täzelenişiň baýramy
Bahar paslynyň gelmegi bilen kalplarymyza şatlyk paýlaýan, tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy türkmen halkynyň iň gadymy we iň söýgüli baýramlarynyň biridir. Bu baýram diňe bir täze ýylyň başlangyjy däl, eýsem dostlugyň, agzybirligiň we bereketiň nyşanydyr.Nowruz—pars dilinden terjime edilende "Täze gün" diýmekdir. Gündogar halklarynda, şol sanda türkmenlerde bu gün gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna, ýagny 21-nji marta gabat gelýär. Bu senany biz astronomik taýdan täze ýylyň başlangyjy we hakyky baharyň gelişi hökmünde garşylaýarys.Nowruzyň taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine, has takygy ekerançylyk medeniýetiniň dörän döwürlerine çenli uzap gidýär. Bu baýram 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi, 2010-njy ýylda bolsa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan "Halkara Nowruz güni" diýlip yglan edildi.Ýurdumyzda Nowruz baýramy aýratyn bir dabara, milli öwüşginler bilen bellenilip geçilýär. Baýramçylyk günlerinde aşakdaky esasy däp-dessurlar berjaý edilýär:Semeni taýýarlamak: Nowruzyň baş tagamy [...]
Dowamyny oka