Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Mugallymçylyk mekdebiniň täzelikleri

Merkezi Aziýanyň halkara bilim forumyndan soň Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Ürgenç döwlet uniwersitetiniň rektory Feruza Madrahimowanyň ýoldaşlygynda Yslam siwilizasiýasy merkezine baryp gördi

Merkezi Aziýanyň halkara bilim forumyndan soň Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Ürgenç döwlet uniwersitetiniň rektory Feruza Madrahimowanyň ýoldaşlygynda Yslam siwilizasiýasy merkezine baryp gördi

Saparyň dowamynda myhmanlar halkymyzyň baý taryhy mirasy, beýik ata-babalarymyzyň ylym-bilimiň, aň-biliminiň we pikirleniş medeniýetiniň ösmegine goşan ägirt uly goşandy bilen ýakyndan tanyşdylar.

Yslam siwilizasiýasy merkezi ata-babalarymyzyň döreden ylmy we ruhy mirasynyň şu günki hem-de geljekki nesiller üçin nähili möhüm ähmiýete eýedigini açyp görkezýän, bilimiň we ylmy pikirlenişiň kuwwatyny şöhlelendirýän özboluşly merkezdir.

Merkeziň ekspozisiýalary beýik alymlarymyzyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine goşan goşandy, olaryň bilime bolan ymtylyşy, çuňňur dünýägaraýşy we aň-bilim ýaýratmak däpleri barada myhmanlarda çuňňur täsir galdyrdy.

Bu sapar Merkezi Aziýa halklaryny umumy taryhyň, bitewi ruhy gymmatlyklaryň hem-de ylym-bilime bolan belent hormatyň birleşdirýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Paýlaş:
Salgymyz:
Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy
Telefon belgiler: